|

Ýaşlykdan bir ýatlama

Ýaşlykdan bir ýatlama ÝAŞLYKDAN BIR ÝATLAMA

— Ministriň kürsüsine gelişýäň,
Diýýärdiler, dostlar maňa degişip.
— Eger gabat gelseň köçede-zatda,
Geçeris biz başymyzy egişip.

Dostlarmyň aýdany hasyl bolmady,
Muň üçin diýdim men: «Hudaýa şükür!“
Bu hakda kämahal gürrüň beräýsem,
Çagalarym gülýär jykyr-da-jykyr.

Degişenleň özi ministr boldy,
Ondan-oňa, mundan-muňa gondular.
…Indi niçe wagt galam ýöredýän,
Belki, teşne ýürekleri gandyrar!

Ýyllar geçdi, bu gün ýetmiş ýaşadym,
Dolanaýyn ministrli gürrüňe.
Bolup bilmedim men kürsiň eýesi,
Olaram baş egip geçmedi maňa…

09-12.12.2019. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle