|

Bi gelinler, bi gelinler, gelinler…

Bi gelinler, bi gelinler, gelinler… BI GELINLER, BI GELINLER , GELINLER…

Bi gelinler, bi gelinler, gelinler...

(degişme)

Isteseler arşa ýetir adyňy,
Isteseler ýakyn eder ýadyňy,
Bol ederler öýdäki ýok zadyňy,
Bi gelinler, bi gelinler, gelinler.

Isteseler jübt zadyň täk eder,
Günäkäräm bolsa özün ak eder,
Göwneseler eliňden suw akydar,
Bi gelinler, bi gelinler, gelinler.

Göwnün ýykma, ondan saňa duşman ýok,
Göwün berse, owal-ahyr puşman ýok,
Dünýä döräp, heniz onsuz ýaşan ýok,
Han gelinler, jan gelinler, gelinler.

Kynam däl ýalydyr göwnüni tapmak,
Göwnün tapmadyga diýerin akmak,
Gödek söz – ömürlik gapyňy ýapmak,
Şan gelinler, han gelinler, gelinler.

Bir bakyşda açyp biler telbäni,
Bir ýakyşda weýran eder külbäňi.
Kim bolsaň-da borsuň şoň talabany,
Bal gelinler, gül gelinler, gelinler.

Erkekmidir, «söýýän!“ diýip aldaýan,
Zenanmydyr, eýsem şondan aldanýan?!
Size başyn egip gider Allaýar,
Jan gelinler, han aýallar, aýallar… Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle