Türkmen şygryýeti ~ türkmen ruhy -12: Edebi ugurlaryñ lirikanyñ metodikasy we formasy babatdaky aýratynlyklary -2/ dowamy
Türkmen şygryýeti ~ türkmen ruhy -12: Edebi ugurlaryñ lirikanyñ metodikasy we formasy babatdaky aýratynlyklary -2/ dowamy
Edil Çoçly ýaly bir ýetim oglan,
Edil Hoçly ýaly pukara çoluk
Şalary,
begleri, döwleri kowup,
Bir ullakan ýurda patyşa bolup,
Toý tutardy.
Bordy uly tomaşa.
Garyplara – galla,
kele – şa gyzy,
Ýetim-ýesirlere baýlyk ýeterdi.
Äpişgäniň doň kirpigin, tamymy
Ýyladýaryn ýakyp diňe janymy.
Gaflatly daglaryň bendiliginden
Çeşmäň daşy ýaryp çykyşy ýaly,
Garaňky asmanyň bendiliginden
Ýyldyzlaryň süýnüp sypyşy ýaly
Söýüp, dünýäň erkinligne çykdyň sen**.
Leffuneşr sungaty ulanylanda, şahyrana owaz akymynyň bady üýtgeýär. Munda başky setirleriň barynda owaz belent perdede bolup, soňky setirlerde logiki pikiriň çözülmegi – eýäniň hem habaryň aýan bolmagy bilen owaz göz-görtele peselýär,
pessaýlaýar. Şygryň melodikasy, diýmek, şahyrana sintaksisiň düzgünlerine-de köp derejede bagly eken. Şahyranalyk mazmundan, pikiriň, duýgynyň içki ýaşaýşyndan gelip çykýar, şol ýaşaýyş soňra formanyň, mazmunyň dialektiki arabaglanyşygyny kanuna laýyklykda forma geçip gidýär. Şeýdip, şygryň owazy-da, formasy-da many ähmiýetine eýe bolýar, semantiki gymmata eýe bolýar. Sebäbi hut owazda çeper informasiýa saklanýar. Aýdaly, belent duýgy – munuň özi owaz arkaly aňladylyp, eýýäm ideýa gymmatlygyna girýän närsedir, çünki belent duýgy şahyryň aňlatmak islän zadydyr. Onsoň ol şol zady, pikiri, duýgyny obraz, logiki pikir arkaly şygryň mazmun ýaşaýşynda aňladyp bilýär. Edil şony ol ýokary joşgunly perdeden gopýan owazy emele getirmek arkaly, daşky tärler arkaly aňladyp bilýär. Hut şonuň üçinem şahyrana eseriň formasy, owazlylygy uly ähmiýete eýedir.
Ritorik sorag we şahyrana ýüzlenme şygyr sungatynda dialogiki sözüň belli bir orun alandygyny görkezýän şahyrana emellerdir. Eger şygyr şolarsyz bolanlygynda, onda ol beýän edijilikli, diňe informasion sözlemlerden durýan içgysgynç bir närse bolardy. Şonuň üçinem ritorik sorag, ýüzlenme monoton informasion akyma täze öwüsgin goşýar, poetiki mazmunyň içki çylşyrymlylygyny gazanýar.
Gülüşerdik, gürleşerdik pyşyrdap,
Hem sorardym säher kimin lebleriň,
Eý, sen, meniň çeşme kimin inçe bil,
Çeşme deý towlanyp duran dilberim!
Garperim, eý, meniň ak saçly serwim!
Serwim,
serwim,
serwim!
Sen maňa düşün!
Ah, Garagum, ýowuz bagtym, Garagum!
Eý, küýzegär, göwün şerap küýseýär!
Enem, eziz enem, hossa etme sen!
Dostlar, meslekdeşler, bu niçik ykbal?
Nirde siz boş goýup ala meýdany?
Eý, sen, Garagumuň erkin möjegi?
Aýdyň, ata-babam,
Näme etse bor?
Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber!
Mysallary şahyr Nobatguly Rejebowyň dürli eserlerinden aldym. Mysallaryň köpdürlüligi şahyryň ulanýan soraglarynyň hem ýüzlenmeleriniň köp hilini öz içine alýar. Şahyryň söýgüli intonasiýasy, onuň halaýan ýüztutma sözleri, şahyryň köp ulanýan sorag çalyşmalary, onuň ýakyndan gürleşip, üç döküşip bilýän pynhan obýektleri bar. Ol kiçijik detallaryň hersi giňişleýin derňewi talap edýär. Diňe şeýle derňewiň netijesinde şahyryň sungatyň bu görnüşine dahylly şahyrana syrlaryna, ussatlygyna doly göz ýetirip bolar. Mysal üçin, şahyr «Eý, sen» diýen ýüz tutma sözüni köp gaýtalaýar. Munuň özi nusgawy edebiýatdaky çeperçilik däpleri bilen baglanyşykly hadysadyr. «Sen» diýmek bilen şahyr özi üçin ýakyn hem mähriban birine ýüzlenýändigini aňdyrýar.
Sorag hem poetiki ýüzlenme metodika taýdan ýokary owazlarda aňladylýar. Şahyr öz içki joşgunyny sowal ýa ýüzlenme arkaly daşa çykaranda diňleýjiniň ýa-da hyýaly diňleýjiniň ünsüni özüne bada-bat çekmek üçin iň ýokary perdeden başlaýar. Bu bolsa şygra poeziýanyň sungat hökmündäki iň uly gymmatlygynyň birini – howalylygy berýär.
Poetiki sintaksisiň iň gowy görnüşleriniň biri-de antitezadyr. Antiteza – gapma-garşylykly pikirleriň, ideýalaryň dürli setirlerde beýan edilmegidir. Antiteza şahyrana duýgynyň iň bir belent derejesini aňladýar:
«Geldim!» diýip begenme: bir gysym gumsuň,
«Geýdim!» diýip gyýylma: dönersiň guma.
Bu dünýä – jenneti adam oglunyň
Bu dünýä gabrystan – adam ogluna.
Ýüzüne tüýküren seniň şol dünýäň
Kimler gelip ýaňagyndan ogşaýar.
Kimler tomaşaçy – awuly gülýä,
Kimler hezil edip rolun oýnaýar.
Antiteza şahyryň içki dünýäsiniň dialektikasynyň goşgy setirlerine siňmegidir. Ol okyjynyň estetiki duýgularyny «suwdan alyp oda, otdan alyp suwa salýar». Şeýdip daşky dünýäniň gapma-garşylygyna, paradoksallygyna akyl ýetirilýär. Aslynda kontrast pikirlenme has giň manyda şahyrana pikirlenmäniň umumy prinsipleriniň birine öwrülendir. Onsoň öz eserlerinde antitezany ussatlyk bilen ulanýan şahyrlar poeziýanyň kämil nusgalaryny döretmäge ukyply bolup çykýarlar.
Gaýtalama – poetiki sintaksisiň estetiki taýdan iň täsirli elementleriniň biridir. Gaýtalama şahyrana joşgunyň barha güýçlenmegine sebäp bolýar:
Baharyň başynda umydy synyp,
Baharyň başynda tebt alýar dünýä.
Haýsy zaman balyň akdy, Balkanym,
Haýsy zaman şaglap geçdi ýaşaýyş?!
Gaýtalanýan sözler özünde şahyrana mazmunyň esasy bölegini göterýärler, şonuň üçinem olar okyjynyň emosional dünýäsine has güýçli täsir edýär. Gaýtalama, daşky gözellik nukdaýnazaryndan alanyňda, şygryň energiýasyny artdyrýar. Degişli şahyrlaryň goşgularynda gaýtalamanyň dürli görnüşleri duş gelýär.
Görüp geçişimiz ýaly, poetiki sintaksisiň görnüşleri köpdür, olaryň şu ýerde agzalmadyklary-da az däl. Biz diňe gürrüňi edilýän şahyrlaryň poeziýasy üçin has ähmiýetli, mahsus bolan görnüşlerini sanap geçdik. Maksat – sanap geçmek däl, şol elementleriň şahyrlaryň goşgularynyň çeperçilik ýaşaýşyndaky janly funksiýasyna akyl ýetirmekdir. Şahyr özüniň goşgusynyň şahyrana gözelligini, liriki näzikligini köplenç şahyrana sintaksisiň üsti bilen gazanýar. Şonuň üçinem degişli çeperçilik usullaryň her şahyryň döredijiliginde hususy amal edilişini synlamak möhüm işleriň biridir.
Poetiki sintaksisiň daşky berjaý edilmesi şygyrda ritmiň üsti bilen amal edilýär. Ritm bolsa «obrazlaryň, bogunlaryň, pauzanyň, kapyýanyň gatnaşmagynda emele gelýän şygyr birliginiň gaýtalanyp durmagynyň tutuş ulgamsydyr»*. Diýmek, ritm gaýtalanyp durmagy aňladýar. Belli bir ugurda, belli bir owazda, belentlikde sesleriň gaýtalanyp gelmegi şahyrana howalylygy döredýär. Söz sungatynyň beýleki
görnüşlerinden tapawutlylykda ritm poeziýanyň esasy alamatlarynyň biridir. Ol şahyrana sungatyň tebigatyny kesgitleýär.
Ritmiň ýokarky kesgitlemesine üns bereliň, eger ol gaýtalanyp, inip-çykyp duran owazlaryň ulgamy bolsa, onda şol owazlar özüne badalgany, materialy nireden alýar? Munuň özi, ilki bilen, obrazlardyr. Şahyrana eseriň mazmuny ýaşaýşyna degişli bolan obraz hadysasy ritmiň şygryň içinden gelip çykýanlygyny görkezýär. Ritm daşky bezeg bolman, şygyr sungatynyň içki tebigaty bilen baglanyşykly. Obrazlar setirlere dolýarlar. Setirler bolsa fonetiki taýdan bogunlardan durýar. Diýmek, ritmiň ýaşaýşynda bogunlaryň gaýtalanyp durmagy esasy zatlaryň biridir. Türkmen şygrynda setirler deň ölçegli bogunlardan duranda, diňe şeýle ýagdaýda ritm emele gelýär, ýogsa ritm bozulýar. Şeýle goşgy düzüliş ulgamyna sillabik ýa-da bogun ölçegi bolan ulgam diýilýär. Türkmen nusgawy şygrynda 7, 8, 11, 14, 15 bogunly setirlerden ybarat ölçegler has bellidir. Olar häzirkizaman poeziýada-da ulanylyp gelýär. Ýöne häzirki wagtda çeperçilik ewolýusiýasynyň netijesinde birnäçe özgerişlikler ýüze çykdy. Indi nusgawyy galyplardan köp çykylýar. Setirler döwülýär. Netijede bolsa simmetriýa laýyklykda 11 bogun 5, 6 bogunlyk iki setire bölünýär. Munuň özi kanunalaýyk hadysadyr, çünki türkmen şygrynda şol bogunlara pauza, şahyrana säginme düşýär. Kämahal bolsa asla beýleki bogunlarda döwülme bolup hem ýör.
Nobatguly Rejebow degişli meselede iň bir köp täzelikleri girizen şahyrdyr. Onuň döredijiliginde biz nusgawyy ölçegli şygyrlara köp gabat gelýäris. Şahyr ol ölçegleri öz şygyrlarynda ussatlyk bilen ulanýar. Ýöne onuň şygyrlarynyň edil galypdan çykan ýaly dört setirden ýa bäş setirden deňje edilip ýazylýan ýerleri seýrekdir. Şahyr köplenç setirleri bölekleşdirip, döwüşdirip ýazýar. Munuň özi daşky hadysa bolman, kanunalaýyklyga eýe bolan, bütinleý içki hadysadyr. Setirleriň şu hili grafiki şekillenmesini olaryň ritm, özboluşlylygy talap edýär. Owaz dürli hili, dürli belentlikde akýar, onsoň şol dürli belentlikleriň hersini bir setirde berip, ony beýlekilerden göz-görtele tapawutlandyrmaly bolýar.
Ak gije,
Gök säher.
Dünýä asuda.
Ýapraklaň üstünde köreýär çyglar.
Köz kimin iýmişler üfleseň ýanjak.
Gymyldasaň sähel,
Ýöreseň sähel
Çal ümsümlik ukusyndan oýanjak.
Nusgawyy galypda alanyňda, şu bendi edil bäş setirde ýazyp bolýar.Ýöne şahyr beýtmändir, näme, setir sanyny köpeltjek boldumyka? Ýok, muny şygryň ritmi talap edipdir. Birinji üç setire üns bereliň. Olar mazmun taýdan hersi bir sözlem. Şonuň üçinem her bir bitewi informasiýany özünde jemleýär. Onsoň olaryň hersi ritm taýdan özbaşdak bolup durlar. Şol sebäpden olary aýry-aýrylykda ýazmazlyk asla mümkin däldir. Üstesine ýene bir möhüm detala üns bereliň. Tä dördünji setire barýança, çekimli, çekimsiz sesleriň düzümi üýtgäp, çylşyrymlaşyp gidýär. Munuň özi şygryň ritmine gürrüňsiz täsir edýär. Bendiň altynjy, ýedinji setirleri döwülme esasynda emele getirilen. Ýöne ritmiň akyşyna, labzyna üns berseň, bularyň aňlanyşy başky döwük setirlerden bütinleý tapawutlydyr. Başky setirler gutarnykly sözlem. Şonuň üçinem owaz birsydyrgyn akýar. Soňkularda bolsa mazmunyň şertli bir zady aňladýanlygy, onsoňam bu ýerde sintaktik usul bolan gaýtalanmanyň ulanylýandygy owazyň akymyny batlandyryp goýberýär. Owaz öwrüm edip goýberýär. Bu suwuň derýanyň öwrüminde towlanyp-towlanyp gidişini ýada salýar.
Çeper eserde «ş» sesi güwwüldini, çarpaýa galýan duýgularyň owazyny berip biler. Şahyr Nobatguly Rejebowyň goşgularynda biz şol sesiň hut şeýle şahyrana manysynyň bardygyny görýäris. Onuň ylaýta-da «Yşknama» atly şygrynda degişli fonologik hadysanyň degişli manysynyň açyk ýüze çykmasy jemlenýär.
Ýaşaýyş – düýş, ynanaý,
gadam bas düýş içre sen.
Bu seleňlik howa däl,
ýok, ol – şerap, ol – heser…
Gepçi deý pyşyrdaşsa,
Pyşyrdaşsyn hyşalar.
Pysyrdaşsyn guş ýaly ýaprajyklar şahada.
Aşyklar hijre taýyn
didara gowuşsalar,
Bagtdan ýaňa aglamaga barmy gaýry bahana?
Görnüşi ýaly, şahyr düşünjelilik bilen «ş» sesine agram, basym berýär. Bu bolsa onuň ideologik manyly çeperçilik faktoryna öwrülmegine sebäp bolýar. Şahyryň içki dünýäsinde bolup geçýän harasat bir ses bilen aňladylyp bilinýär. Munuň özi örän ähmiýetli faktdyr.
Şahyryň ulanýan kapyýalarynyň özboluşly tebigaty bar. Ilkinji bellemeli zat – Nobatguly originallygyň iň ýokary derejesindäki, hiç mahal gaýtalap bolmajak kapyýalary ulanýar. Çünki onuň kapyýalary liriki mazmun bilen bitewi bir zat bolup, olary degişli mazmunsyz hatda göz öňüne-de getirip bolanok. Şahyr kapyýa iş ýüzündäki bir iş usuly hökmünde garaýar. Onuň ussatlygy şeýlebir derejä ýeten, ol pikiri öňe düşürip, islendik pikir üçin hökman kapyýa tapyp bilýär. Şonuň üçinem şahyryň ulanýan kapyýalary mahal-mahal tüýs prozaiki kapyýa, prozaiki owazlanma bolup gulagyňa eşidilýär. Özüňiz üns berip görüň: «bilmese – millete», «Etegine – edebiňe», «erteki – perdesi», «pursatdyr – hakdyr», «gidim – sensiň», «urdular – duýgular», «kakýar – çatma», «etdim – essim», «damsa – alamda». Şahyryň şeýle original kapyýalary çeperçilik täsirini döredýär. Olaryň gaýtalanmazlygy bolsa şahyryň uly bir çeperçilik açyşy bilen baglydyr.
Hawa, biz çeperçilik açyşyň gürrüňini edýäris. Nobatguly häzirki zaman türkmen poeziýasyna astrofiki şygyr strukturasyny getirdi. Astrofiki struktura – bentsiz, belli bir bendi, bent formasy bolmadyk şygyrdyr. Munda şygryň beýleki ähli alamatlary – kapyýa, bogun ölçegi, ritm we ähli beýleki alamatlary bar. Emma belli bir formadaky – dörtleme, ikileme ýa-da aýdaly, bäşleme görnüşindäki aýratyn bolup duran bentler ýokdur. Şahyr Nobatguly Rejebowyň poeziýaynda şeýle astrofiki şygyrlaryň birnäçesi bar. «Bir bölek uruş», «Açlyk ertekisi», «Uruş ýyllarynyň estafetasy», «Duz», «Altynjy asyrda…», «Aw», «Alboma», «Seniň ýanyňa», «Ýene gujagyny gerdi penjiräň», «Türkmen öýi», «Kerep», «Adam», «Çolugyň söýgüsi», «Gyrat we kempir», «Rewolýusiýanyň şahyry» ýaly goşgular astrofiki goşgulara mysal bolup biler, hawa, bular diňe mysaldyr, olaryň umumy sany bolsa şahyryň döredijiliginde has kändir.
Men şu ýerde gürrüňi has anyklaşdyrmak, takyklaşdyrmak, şeýle hem gürrüňimize biraz ylmy äheň bermek üçin bent, bentsiz goşgular hakda söhbet etmek isleýärin.
«Bent» düşünjesi biziň nusgawyy poeziýamyzda döredi. Goşgynyň iki ýa ondan köp setirlerden ybarat özbaşdak bölegine «bent» diýlipdir. Ol özbaşdaklyk bendiň umumy mazmunynyň bolýanlygyna, oňa girýän setirleriň özara kapyýalaşyp gelýänligine esaslanýar.
Türkmen nusgawyy poeziýasynyň esasy žanry bolan goşukda bendiň berk işlenip düzülen kanunlary bar. Ol ýerde şygryň kompozisiýasy-da pugta göz öňüne getirerlikdir. Şygryň birinji bendine «matlag», iň soňkusyna «mantag» diýipdirler, aralykdaky bentler hem özbaşdak formada bolup gelýär. XX asyrda dörän dörtleme formasy şol nusgawyy formanyň az-kem üýtgedilen görnüşidir. Az-kem üýtgeşiklik şygryň umumy ýaşaýşyna düýpli täsir edipdir. Gynansagam, edebiýat ylmynda şu forma meselesi entek çuňňur işlenilmeli düýpli problemalaryň biri bolup durýar.
Hawa, indi matlag-giriş bendi hem ýok, jemleme bendi hem ýok, has dogrusy, olar öňki ýaly formal taýdan beýleki bentlerden asla tapawutlanmaýar.
Näme üçin beýle? Munuň şygryň mazmunyna nähili gatnaşygy bar? Asyl häzirki poeziýanyň mazmunynda nusgawyadan tapawutlanýan nämeler bar?
Şeýle sowallar gaty fundamental zatlaryň üstüni açyp bilerdi. Ýöne häzir biziň wezipämize girmeýänligi üçin, biz ol sowallary öňki sowallygyna goýýarys. Bir aýtmaly zat: astrofiki şygyr XX asyr türkmen poeziýasynda nusgawyy formanyň transformasiýasy netijesinde ýüze çykan dörtlemäniň kanuny miwesidir. Şeýle bir kanunalýyklyk bar: lirika astrofiki poeziýadan barha daşlaşyp barýar. Lirikanyň bir bölegi proza geçdi, galany barha erkin poetiki formalara geçip barýar.
Astrofiki şygyrda bent bolmaýar; çünki munda şygyr forma taýdan umumy bitewüligi aňladýar, onsoň şahyr setirleri gabat gelşine görä bir-birine sepläp-kapyýalaşdyryp barýar: setirler bolsa özara awtonom gatnaşyga girmeýärler, awtonom birligi döretmeýärler. Şeýdip, kapyýa öňki formadaky ýaly belli-belli setir aralygynda däl-de, umumy mazmunyň talap edýän ýerinde gelip başlaýar: kä iki setirden, kä üç, kä dört, kämahal bolsa hatda 6-7 setirden soňam kapyýa gelip dur. Şonuň üçinem bu ýerde, bent hakda gürrüň etmegiň asla hiç hili manysy ýokdur.
Nobatgulynyň astrofiki goşgularyna «Türkmen öýi» şygry mysal bolup biler.
Türkmen öýi –
Ak asmanyň gümmezi.
Asmanyň gümmezi – türkmen külbesi,
Şonda ýaşap, şonda aldym tälimi.
Gündiz Günüm depesinde tüýnükdir,
Gije Aýym depesinde tüýnükdir,
Tylla şugla – tylla ugy-tärimi,
Ata-babam şonda söýüp-söýlüpdir.
Hem-de ýaşapdyrlar dünýäni tagtlap,
Gara eken bagtygaraň keçesi,
Bagty ak türkmeniň basyrygy ak.
Türkmen öýi – ak asmanyň gümmezi,
Tylla Günüm depesinde tüýnükdir,
Keçesini ýeller, ýyllar tüýdüpdir,
Gar-ýagmyr ýagypdyr, ýyldyz süýnüpdir,
Görüpdirler onda başa geleni.
Gije gelse gara keçe basyryp,
Gündiz gelse aýlap ap-ak ýeleni.
Türkmen öýi –
Ak asmanyň gümmezi.
Tylla Günüm depesinde tüýnükdir,
Kümüş Aýym depesinde tüýnükdir.
Özüniň köneje tünegin türkmen
Dünýä öýdüpdir*.
Şygryň kapyýasyna üns bereliň. Birbada okanyňda, astrofiki forma öwrenen aň hiç zada düşünmeýär. Soňra kapyýalary yzarlap başlaýaň weli, kä setirler ikileme görnüşinde gidip barýar, kämahal üçünji hem altynjy setir kapyýalaşyp dur. Onsoň şygryň arasynda gaýtalanýan setirler aýdym žanryny ýada salýar.
Umumylaşdyryp aýdanyňda, degişli şahyrana şahsyýetleriň lirikasynyň daşky gözelligi-de özboluşly häsiýete eýe. Olaryň şygyrlarynyň ritmi, ulanýan kapyýalarynyň estetiki tebigaty, olaryň eserleriniň bent görnüşleri her poeziýanyň özüçe owazlanmagyna getirýär. Bu zatlaryň bary bolsa bir zatdan – döredijiligiň mazmun, many hadysasy hökmündäki aýratynlygyndan, şahyrlaryň durmuşa, sungata gatnaşyş, garaýyş prinsiplerindäki aýratynlyklardan gelip çykýar. Diýmek, olar bitewi, kanunalaýyk edebi hadysalar – edebi ugurlar bolup durýar.
Osman ÖDE. Edebiýaty öwreniş