Degişmeler | Kitapcy | Sözler
Galstukly eşek
Galstukly eşek

Aşyrberdi Kürt “Tokmak” žurnalynda işleýän wagty atly kolhoz başlyklarynyň birini tankytlap feleton ýazýar. Kolhoz başlygy bu hakda partiýanyň Merkezi Komitetinde işleýän uly wezipeli howandaryny habardar edýär.
Hökmirowan uly wezipeli haýdan-haý žurnalyň baş redaktoryna jaň edip, şol feletony ýatyrmagy, žurnalda çap etmezligi talap edýär. Baş redaktor feletonyň awtory Aşyrberdi Kürtüň özdiýenli adamdygyny, feleton ýatyrylsa, onuň goh turuzjagyny uly wezipelä aýdýar. Hökmürowan wezipeli baş redaktora “Işgäriň seniň sözüňi alga almaýan bolsa, sendenem ýolbaşçy bolarmy? Şojagaş Kürtüňi ýanyma iber, özüm mugyra getirerin” diýýär.
Aşyrberdi Kürti şol gün partiýanyň Merkezi Komitetine, hökmirowan wezipeliniň ýanyna iberýärler. Uly wezipeli Aşyrberdini birbada parahat kabul edýär. Onuň eserlerini öwýär. Durmuşda name problemasy bolsa, çözmäge kömek etjekdigini aýdýar. Özi bilen näme üçin hažyk-hužuk ediýändigini bilip oturan Aşyrberdi:
– Meň problemam köp. Olary hatda Alla-da çözüp bilenok. Näme üçin çagyran bolsaňyz gönüläň – diýýär.
Aşyrberdiniň öz çeýnejek çöpi däldigine gözi ýeten uly wezipeli aýlawly gürrüňi goýýar. Oňa:
– Sen pylan kolhozyň başlygy pylany hakda erbet makala ýazypsyň. Ol abraýly başlyk. Biz ol hakda erbet makalanyň žurnalda çap edilmegine ýol bermeris. Başlygyň bu meselede biziň bilen pikirdeş. Senem gaýdyş – dawa etme-de, razy bol – diýýär.
Aşyrberdi oňa razy bolmajakdygyny aýdýar. Gazaba münen uly wezipeli stoly ýumruklap ör turýar:
– Meniň kimdigimi tanaýarmyň? – diýýär.
Aşyrberdem örboýuna galýar:
– Ýok, kimdigiňi tanamok. Ýöne şu edarada seniň ýaly boýny galstukly eşekleriň işleýändigini welin bilýärin – diýýär.
Şol gün başga bir bahana tapyp, Aşyrberdi Kürti işden kowýarlar. Feleton çap edilmeýär. Ýöne minnetdar okyjylar märeke-meýlisde Aşyrberdiniň şerebeli sözlerini, şol sanda “Boýny galstukly eşek” sözünem ýatlap, gülüşýärler. Degişmeler