Ýaraly duýgular
Ýaraly duýgular

Swetofor ýaşyl yşygyny ýakanda geçesim gelenok…
Bilgeşleýin…
* * *
Hümürdäp aýdylan aýdymlar ýarpy galýar…
Bilgeşleýin ýoýup aýdýan…
Skripkamyñ sesi-de öñküsi ýaly däl…
* * *
Öñler ýekşenbe günleri tebigat, daş-töwerek, it-pişikler, guşlar, delfinler, deñiz, gury ýer, köl, dereler hakda ýazardym…
Köp wagt bäri gezek ýetenok…
Syýasy partlamalar şeýle bir gazaply bolýar welin, ýüreklerimiz ürken serçeler ýaly aýnalara urla-urla çyrpynýas…
Şygyrlar manysyzlaşdy…
Bilgeşleýin başy bilen ortasyny ýatdan çykarýan…
* * *
Hiç kimse öñküsi ýaly gülenok…
«Saýrylaşdyrma» ýalany astynda saýrylaşdyrlan kimliklerimiz ýüzümizde şatlyk uçganaklarynyñ ýerine yzgytsyz şekiljikleri döredýär…
Gussa bar roýumyzda…
Salamlarymyz ürkek…
Sowallarym düýrükdiriji…
Bakyşlarymyz nemli…
* * *
Men okyjylarymy uzakdan gelişlerinden tanaýan…
Göz göz kaklyşanda, bir-birimiziñ doglan wagtyny bilýän ýaly hamala… Entek ýüzüni görmedik «öýdäkilerimiziñ» hal-ahwalyny soraşýarys…
Bir köçede ylgan ýaly bir günde, bir wagtda, setirleriñ arasynda ýa-da iki setirlik bellikde biri-birimiziñ ganaýan dyzyny gujaklaýas…
Gujaklaýas…
Soñky günlerde biri-birimizden gözümizi sowýas…
Bir seredýäs, aglan ekenik…
Soñra bir-birimiziñ aýasyna galdyran ýekeje parça umydy ýüreklerimize basa-basa hoşlaşyp arany açýas…
* * *
Kämahal dünýä suw-sil, ýagyş, palçyk, harasat bolsa-da, «Howa nähili gowy» diýýän…
Bilgeşleýin…
Sizem diýiñ…
Ýaraly duýgularyñyzy saramak lazym…
* * *
Näme etjek bolýañyz?..
Her jemgyýetiñ özüne meñzeşini tapyp-tapyşdyrýandygy nädereje dogry bolýan bolsa…
Tebigatyñ bize ýalan sözlemeýändigi-de gümansyz hakykat…
Hatyrjem boluñ…
Ol bahar hökman geler…
Bekir JOŞKUN.
«SÖZCÜ» gazeti, 06.04.2014 ý. Oýlanmalar