| |

Her gün içimizde ojaklar opurylýar…

Her gün içimizde ojaklar opurylýar… HER GÜN IÇIMIZDE OJAKLAR OPURYLÝAR…

Her gün içimizde ojaklar opurylýar...

Şu gün asmanda ýeke guş görmedim.
Göýä bugenwilleýa gülüniñ açmanyna müñ ýyl bolan ýaly…
Wagtyndan öñ ýapragyny döküpdir…
Iñ halaýan zadym — güýzde agaçlaryñ sap-sary bolup durmagy…
Köçe süpürýänleriñ, zibil toplaýjylaryñ elinden ýapraklary alyp, şahasyna goýaýasym gelýär…

* * *

Ýyldyzlar öñküsi ýaly däl…
Çopan ýyldyzy piropatronlara döz gelip bilmedi…
Çagalar uly aýyny görüp bilmediler…
Terezi aýnaly binanyñ añyrsynda galdy…
Sumat bolan ýyldyzlary ýekän-ýekän tutup, «gitmäñ!» diýesim gelýär…

* * *

Nämüçin hiç kimiñ keýpi ýok?..
Nämüçin seýilgählerde ýaş oglan-gyzlar hiç kimden çekinmän el-ele berip, oturyp bilenoklar?..
Nämüçin Mustapa eliñi degirseñ aglajak bolup dur…
Nämüçin ene-atalaryñ gözleri nemli…
«Aglamañ» diýip baýdak bilen gözýaşlaryny sylasym gelýär…

* * *

Ogrular doýanok, gadyrdan…
Günde biraz-owlak ogurlaýarlar dünýämizi…
Seýilgähler, bag-bakjalar, zapowednikler, tokaýlar, aýlaglar…
Ýatlamalarymyz….
Bir bag-bakja ýa-da köne diwar bolanynyñ tapawudy näme…
Ýatlamalarymyzy, geçmişimizi ogurlapdyrlar…

* * *

Aslynda opurylan magdan ojaklary biziñ öz içimizde…
Her gün çuñ guýulara sallanyp, kysmatymyzy çykarýas…
Maksadymyz başymyzyñ dikligi… Mañlaýymyzyñ deri… Gözümiziñ nury… Buýsançly ömür…
Derdimiz bir owurtlyk bagt üçin…

* * *

Ine, haçanda bir magdan ojagy çökse, göz öñüme gelýän zat…
Ol hemmämiziñ hekaýasy…
Ol ahy-nalalar ýat däl…
Haçanda alyslarda bir ýerde sirenalar gygyrsa…
Ylgap ýere süýnüp… üstümi gum bilen örtesim gelýär…

Bekir JOŞKUN.

«SÖZCÜ» gazeti, 01.11.2014 ý. Oýlanmalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle