|

«Jaýlarlar, çuñ gömerler-de…»

«Jaýlarlar, çuñ gömerler-de…» «JAÝLARLAR, ÇUÑ GÖMERLER-DE..»

Jaýlarlar, çuň gömerler-de,
Garypja tümmegiň ot örter daşyn.
Eşderis daş, ýokarda, bir ýerlerde —
Zeminde ýagyş ýagyşyn.

Indi soramarys hiç zat hakda biz,
Ukudan oýanyp mahal-mahallar.
Bilýäs: goh bolmasa, o ýanda — güýzdür,
Joşgunlymy, diýmek, onda — bahardyr.

Söýginiň hem aýralygyň derdinden
Gorandygy üçin tabyt tagtasy,
Melullyk sesine ses bermedigi
Oňatlykdyr şatlygyň hem hasratyň.

Howlukmak gerek däl, ynjalyk indi,
Meger, munda batarys oý-hyýala,
Kemally-bikemal ömrüň teýinde
Adamlaryň akly goýalar ýaly.

Aleksandr BLOK.

Terjime eden: Annamuhammet KIRŞENOW.

* * *

Похоронят, зароют глубоко,
Бедный холмик травой порастет,
И услышим: далёко, высоко
На земле где-то дождик идет.

Ни о чем уж мы больше не спросим,
Пробудясь от ленивого сна.
Знаем: если не громко – там осень,
Если бурно – там, значит, весна.

Хорошо, что в дремотные звуки
Не вступают восторг и тоска,
Что от муки любви и разлуки
Упасла гробовая доска.

Торопиться не надо, уютно;
Здесь, пожалуй, надумаем мы,
Что под жизнью беспутной и путной
Разумели людские умы.

18 октября 1915 г. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle