Otparazlaryñ ody bilen söhbet
Otparazlaryñ ody bilen söhbet
SÖHBET
– Eý, ot – ynsanlaryň ilki ynanjy,
Berdaş berip bilmän ýagmyrdyr ýele
Ýa-da wagtyň ýowuz synaglaryndan
geçmän, ýetmediňmi soňky nesile?!
Bes etdiler saňa ynanmasyny,
Bes etdiler saňa sygynmasyny,
Aýtsana, nämeden munuň sebäbi
Ýa ýatdan çykdymy pederleň däbi?!
– Ýok, ýalan, ýok, ýitmedim men,
Ynsanlar
Duşman bolmasyn diýp biri-birine,
Men ynama hemem söýgä öwrülip,
Siňdim ynsanlaryň ýüreklerine.
Şondandyr gözleriň otly bakyşy,
Şondan gyzgynlygy damarda ganyň.
Men ilkbaşdan aňypdym ýagtylyga hem
Ýylylyga mätäçdigni ynsanyň.
Gurban GURBANOW. Goşgular