Hukuk sorag-jogaplary — 11. Hususy telekeçilik işi we ygtyýarnamalaşdyryş ulgamy
Hukuk sorag-jogaplary — 11. Hususy telekeçilik işi we ygtyýarnamalaşdyryş ulgamy
Bellenip geçilişi ýaly, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, telekeçilik işleriniň aýry-aýry görnüşlerini, 2008-nji ýylyň 25-nji iýunynda kabul edilen, „Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda“ Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýörite rugsatnamanyň (ygtyýarnamanyň) alynmagyny talap edýän halatlarynda, hususy telekeçi döwlet belligine alnandan soň, degişli rugsatnamany (ygtyýarnamany) almalydyr [“Edara görnüşindäki taraplary döretmeýän hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi hakyndaky düzgünnama №31”. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi we Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan 2003-nji ýylyň 7-nji noýabrynda tassyklanan. Aşgabat: Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýygyndysy, 2011. №1(11), 331-nji sahypa. II böleginiň 5-nji bendi.].
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, işleriň aşakdaky görnüşleri ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir:
• lukmançylyk işi;
• dermançylyk işi;
• lukmançylyk-tehniki iş;
• dezinfeksion, dezinseksion we deratizasion işleri geçirmek boýunça iş;
• weterinariýa işi;
• tohum maldarçylyk, garaköli baganalary öndürmek we ýerlemek babatynda iş;
• tohumçylyk işi;
• balyk tutmak we beýleki suw haýwanlaryny awlamak bilen baglanyşykly iş;
• tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça iş;
• nebit önümlerini we ýangyç-çalgy materiallaryny ýerlemek boýunça iş;
• spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini getirmek, ýerlemek babatynda iş;
• azyk önümlerini we ot-iýmleri öndürmek we ýerlemek hem-de sarp edijileri çüýşelere gaplanan agyz suwy bilen üpjün etmek babatynda iş;
• ilatyň iýmit nokatlaryny guramak we taýýar azygy ibermek boýunça iş;
• standartizasiýa we metrologiýa babatynda iş;
• senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda iş;
• ýangyn howpsuzlygy babatynda iş;
• awiasiýa işi;
• deňiz we içerki suw ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işi;
• awtomobil ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işi;
• elektroenergetika babatynda iş;
• aragatnaşyk babatynda iş;
• himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda iş;
• geodeziýa we kartografıýa işi;
• gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça iş;
• gurluşyk babatynda iş;
• bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi;
• neşirýat işi;
• çaphana işi;
• syýahatçylyk işi;
• bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny bitirmek boýunça iş;
• humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly iş;
• auditor işi;
• ätiýaçlandyrmak babatynda iş;
• gymmatly kagyzlaryň bazaryndaky hünär işi;
• baha kesmek işi;
• rieltorçylyk işi;
• bank işi;
• gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly iş;
• aýry-aýry gümrük düzgünleriniň çäklerinde amala aşyrylýan we gümrük hyzmatlaryny bitirmek boýunça iş;
• edara görnüşindäki taraplara we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek;
• neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky iş;
• raýatlary daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly iş;
• medeniýet we sungat çygryndaky iş;
• audio, wideo we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek hem ýaýratmak bilen baglanyşykly iş;
• awtoulag serişdelerini ýerlemek babatynda iş [„Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny. Aşgabat: Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008. № 2, 34-nji madda. 20-nji maddanyň 1-nji bölegi.].
Şonuň ýaly-da, „Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda“ Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek arkaly, işleriň beýleki görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagyň girizilmegi mümkindir. Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünler bilen ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleriniň düzüminde önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň kiçi görnüşleri we (ýa-da) sanawy bellenilip bilinýär.
Ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan resminamada kesgitlenýär [“Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda kabul eden, №13180 belgili karary we onuň goşundysy. Aşgabat: Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013. № 8, 2767-nji madda.].
Bellik: Türkmenistanyň kanunçylygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynyň «HUKUK MAGLUMATLAR MERKEZI» atly bölüminde (saýtyň salgysy: https://minjust.gov.tm/hukuk/merkezi) islän adam internet aragatnaşygynyň üsti bilen tanşyp, okap-öwrenip bilýär. Zerurlyk ýüze çykanda şol saýtyň üsti bilen degişli kadalaşdyryjy hukuk namalar boýunça mugt hukuk maslahatlaryny we düşündirişlerini alyp bilýärler.
Ondan başga-da Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň degişli ugruny amala aşyrýan we döwlet dolandyryşynyň bellenen pudagynda ygtyýarly edara hökmünde hereket edýän, ýagny profilleýin ministrlikleriň, gulluklaryň, guramalaryň hem-de edaralaryň resmi saýtlarynda olaryň öz işlerini amala aşyrýan çygyrlary boýunça kanunçylyk namalary bar, dürli sowallar bilen ýüz tutup, olar bilen habarlaşyp bolýar.
Çeşmesi: Ýagmyr Nuryýew, Serdar Ataýew, Aýdogdy Çaryýew, Döwran Orazgylyjow. Telekeçilik işi: kanunçylyk we tejribe. Ylmy-amaly gollanma. Aşgabat: Ylym, 2015. Sah. 37-39.
Hukuk maslahathanasy