| | |

Ahmedinejad: Saud Arabystanyny dörde, Türkiýäni üçe, Eýrany-da alty bölege bölmek isleýärler

Ahmedinejad: Saud Arabystanyny dörde, Türkiýäni üçe, Eýrany-da alty bölege bölmek isleýärler AHMEDINEJAD: SAUD ARABYSTANYNY DÖRDE, TÜRKIÝÄNI ÜÇE, EÝRANY-DA ALTY BÖLEGE BÖLMEK ISLEÝÄRLER

Ahmedinejad: Saud Arabystanyny dörde, Türkiýäni üçe, Eýrany-da alty bölege bölmek isleýärler

Eýranyñ öñki Prezidenti Mahmud Ahmedinejad «Independent» habarlar gullugynyñ koordinatory Muhammet Zahid Gülüñ sowallaryna jogap berdi.
Bize bu mümkinçiligi döredendigi üçin ilki bilen oña minnetdarlygymyzy bildirýäris. Sebitdäki soñky ýagdaýlar boýunça sowallar bilen başlamak we soñra, eger wagtymyz ýetse, Eýrandaky hakykaty we eýran sahnasy hakdaky sowala geçmek isleýärin. Gürrüñdeşlige Türkiýäniñ we Eýranyñ ýakyn goñşusy Yrakdan başlalyñ.

— Eýran Yslam Respublikasynyñ 1979-njy ýylda gurlan wagtyndan bäri Eýran Yrak bilen ýakyndan gyzyklanyp geldi. ABŞ-nyñ Yragy okkupirlemeginden soñ Eýranyñ Yrakda hem agramy, hem täsiri bardy. Yragyñ syýasat sahnasyna-da goşulan ýerleri boldy. Şugünki gün Eýranyñ Yragyñ syýasat sahnasyndaky üstünliklerine ýa-da şowsuzlyklaryna nähili baha berýärsiñiz?

— Ilki bilen-ä sizi we bu gepleşige jogapkär kärdeşleriñizi gyzgyn salamlaýaryn hem-de gürrüñdeşligiñ peýdaly bolmagyny umyt edýärin. Jemgyýet, sebit we dünýä meseleleeini analizlände hemişe käbir prinsipleri ünsden düşürmeli däl.
Birinji prinsip: halklaryñ öz ykbalyny kesgitlemäge bolan hukugy we garaşsyzlygydyr. Muny hökman ykrar etmelidiris. Taraplardan biri beýlekisiniñ içerki işlerine goşulmaly däl. Şonuñ üçinem ikinji prinsip beýlekileriñ içerki işlerine goşulmazlykdyr.
Üçünji prinsip: awtoritar döwletleriñ syýasatydyr. Bu döwletler öz bähbitleri üçin başga ýurtlaryñ we halklaryñ dargamagyny isleýärler. Şuña hökman üns bermek gerek.
Dördünji prinsip bolsa, sebitiñ sebit halklary boýunça töwerekleýin hyzmatdaşlygynyñ bolmagy gerek we ynanyşmagy gowşadýan her bir zat ähli halklara zyýan ýetirýär. Bular ýaly zatlaryñ bolmazlygy üçinem hemmeleriñ seresaply bolmagy gerek.

— Eýranyñ Yraga girme syýasatyna nähili garaýarsyñyz? Siziñ pikiriñizçe bu syýasat üstünliklimi ýa-da şowsuzmy?

— Bu zerurlyklary göz öñüne tutanymyzda bütin regional meselelere ýeke-täk nukdaýnazara we ýeke-täk garaýyşa barýança baha berip bileris. Häzir sebitiñ çekip-çydap bolmajak şertleriñ astyndadygy hakykat.

— Nejep we Kum şäherlerindäki iki düýpli gatlagyñ arasyndaky basdaşlyk ýa-da çaknyşyk hakda gürrüñ edilýär. Bu iki düýpli gatlagyñ arasynda, eger bar bolsa, tapawudy nämede we nähili görýärsiñiz?

— Taryhyñ dürli döwürlerinde alymlaryñ arasynda birtopar düşünişmezlikler bolupdyr. Ýönekeý adamlaryñ arasynda nähili düşünişmezlikler bolýan bolsa, alymlaryñ arasynda-da dürli düşünişmezlikler döräp biler, haýsy bolanda-da köp sanly pikirler we garaýyşlar bar. Munuñ meselelere we beýleki tarapa-da täsir edýändigine ynanýaryn.
Ähli dinleriñ alymlarynyñ umumy pikire gelmeklerini, hristianlaryñ, musulmanlaryñ, Nejep, Kum şäherleriniñ we El-Ezheriñ alymlarynyñ umumyadamzat bähbidiniñ hatyrasyna birleşmegini umyt edýäris.

— Hojaýyn, bärde iki taryhy, ideologik we teologik gatlagyñ arasyndaky basdaşlygyñ ýa-da düşünişmezligiñ gürrüñini edemok. Welaýaty-Fakih we beýleki bilen baglanyşykly syýasy ýönelmeler barada aýdýaryn. Bu meselede näme diýesiñiz gelýär?

— Hawa, alymlaryñ arasynda nukdaýnazar meselesinde hemişelik dowam edip gelýän pikir tapawutlylygynyñ bardygyna söz ýok.

• «Eýran we Saud Arabystany tagallalaryny birikdirse, Ýemen meselesini çalt çözüp biljeklerine ynanýaryn»

— Ýene başga bir çylşyrymly gürrüñe geçýäris. Ýemen meselesi. Eýran Ýemene aç-açan goşulýar. Eýranyñ Ýemen syýasatyny neneñ görýärsiñiz we siziñ pikiriñizçe bu meseläni çözmegiñ ýoly nämede?

— Ýemen meselesi boýunça has öñ birnäçe gezek nygtap geçipdim. Ýokarda-da aýdyşym ýaly güýçli döwletleriñ, ýagny, Saudi Arabystanynyñ, Eýranyñ Birleşen Arap Emirlikleriniñ (BAE), ABŞ-nyñ, Angliýanyñ bu meselä goşulýandygy belli. Olaryñ hiç birisi Ýemen meselesine goşulmaly däl, Goý, ýemen halky öz ykbalyny özi kesgitlesin. Munuñ şundan başga çykalgasy ýok.
Sebitdäki ähli ýurtlar: Saud Arabystany, Eýran, BAE Ýemen konfliktinden we Ýemendäki uruşdan daşlaşmaga mejburdyr. Hasam möhümi, ýemen halky bu konfliktden çaltrak çykjak bolmaly. Eýran we Saud Arabystany tagallalaryny birikdirse, Ýemen meselesini çalt çözüp biljeklerine ynanýaryn.

• «Biri-birimizden daşlaşyp bäsleşmek özümize zyýan edýär, biziñ asudalygymyz agzybirligimize bagly»

— Prezidentlik eden döwrüñizde Eýran bilen Saud Arabystanynyñ arasy gowudy. Şa Abdylla bilen taryhy duşuşyk geçiripdiñiz. A soñ näme boldy, näme üýtgedi? Bu duşuşyklar nämüçin şowsuzlyga uçrady ýa-da miwe bermedi?

— Saud Arabystany bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz bardy. Beýleki arap ýurtlary bilen aramyz erbet däldi. Saud Arabystany bilen aýratyn gatnaşyklarymyzyñ bolmagy tebigy ýagdaý. Çünki biziñ dinimiz bir we bir regionda ýaşaýarys. Şol bir wagtyñ özünde duşmanymyzam bir. Biri-birimizden daşlaşyp bäsleşmek özümize zyýan edýär, biziñ asudalygymyz agzybirligimize bagly. Dost-doganlaryñ arasyndaky bu oñşuksyzlygyñ döremegine kese ýerlileriñem belli bir derejede sebäp bolýanyny bilýäris. Bu ýagdaýda hiç kimiñ öñe saýlanyp bilmejeguni, iki tarapa-da, şol sanda regiona-da munuñ ýaramaz täsirini ýetirjekdigini ýene bir gezek nygtamak isleýärin.

— Eýse, häzirki ýagdaýy neneñ görýäñiz? Şu wagtlar Eýranyñ Saud Arabystany bilen geçirjek gepleşiklerinden söz açylýar. Bu boýunça nämeleri diýmek isleýäñiz?

— Iki tarapyñam birtopar ýalñyşlyklary goýberýändigini bilýärin. Gepleşikleriñ geçirilýänine begenýän. Iki tarapyñam özara ylalaşyga geljegine ynanasym gelýär. Taraplaryñ Ýemen konfliktini çözmäge ýönelmelerini isleýärin. Munuñ özi tutuş sebitde howpsuzlygyñ we durnuklylygyñ üpjün edilmegine, iñ esasysy-da Ýemen hökümetini we halkyny bu konfliktden halas etmegine goşant goşar.
Ýemen halky häzir gorkunç krizisleri başdan geçirýär. Ýitgiler çekýär. Olar biziñ doganlarymyz. Saud Arabysyany, Ýemen, Eýran, Kuweýt — hemmämiz dogan. Bularyñ haýsysy büdrese, duşmanlar muña begenýär. Şol bir ýagdaýda şäherlerimiz ýok edilse we özara oñuşmazlyklarymyzda esgerlerimiz ölse, duşmanlarymyzy begendirmekden başga zada ýaramaz.
Söhbetdeşligiñ başynda agzalan dört prinsipe üns bersek, Ýemen konfliktiniñ bejit çözüljegine ynanýaryn. Bu meseleleriñ nämedigi Saud Arabystanyna mälim. Şeýle-de, sebitara meseleleri boýunca hem biri-birimiz bilen gürleşip, düşünşip bileris. Mundan ýigrimi ýyl öñ sebitiñ şertleri juda ýaramazdy. Siriýadaky, Yrakdaky, Ýemendäki, Owganystandaky, Liwandaky şertlerem öwerlik däldi. Eýran bilen Owganystan düşünişseler, sebitiñ şertleriniñ gowulanmagyna, şu ýurtlardaky düşünişmezlikleriñ aradan aýrylmagyna goşant goşduklary we şertlerini ýumşatdyklary bolardy.

— Biziñ üçin örän gowy tabel çyzyp berdiñiz, ýöne edil häzir Siriýadan söz açmak isleýän. Eýranyñ Siriýada goşun bölümlerini saklaýanyna garşy çykýanyñyz mälim. Şu ýerde şu sowaly göni özüñize beresim gelýär: Siriýa konfliktinden nädip çykmaly? Siriýada soñky on ýylyñ dowamynda bolup geçen köpçülikleýin-halk progesterone bolan garaýşyñyz nähili?

Size aýdyp beren dört prinsipimi ýene bir gezek gaýtalamak bilen Eýran hökmünde biz, Saud Arabystanynyñ, Türkiýäniñ, Siriýanyñ içerki işlerine goşulmagyñ deregine siriýa halkynyñ jebisleşmegine kömek etsek gowy bor. Siriýa halkynyñ erk-eradasyna hormat goýmaly. Çünki bu olaryñ, ýagny, halkyñ hakydyr.
Similar uly pidakärlikleri döz geldi, birgiden ýitgileri çekdi. Eýran, Saud Arabystany, Türkiýe urşuñ öñüni almak üçin jan etmeli we siriýaly toparlardan haýsam bolsa birine pul, ýarag we logistik kömek bermeli däl.
Urşup ýören iki tarapam iñlis-de däl, amerikan-da, Yragy basyp alanlar-da däl, olar Siriýanyñ öz ogullary. Ol ýerde öldürilýänler ruslar däl, siriýalylar. Siriýa meselesine haýsy tarapdan seretseñiz serediñ, olar biziñ öz doganlarymyz. Eýran, Saud Arabystany, Türkiýe üçüsu oturyp gürleşseler, gürrüñdeşligimiziñ başynda-da aýdyşym ýaly öz aralarynda «öz ykbalyny kesgitlemek hukugy halkyñ öz hukugydyr» prinsipiniñem bolan dört prinsipe goldanyp, konfliktiñ aradan aýrylmagyna kömek edip bilerler.

— Türkiýe bilen aýratyn gyzyklanýarsyñyz, üýtgeşmeleri sypdyrman yzarlaýarsyñyz. Soñky gezek mundan iki hepde öñ Türkiýäniñ dürli şäherlerine syýasy däl saparlarda bolduñyz. Türk halky barada näme aýdyp biljek? Adalat we Galkynyş partiýasynyñ (AKP) 20 ýyldan soñky ýagdaýyny neneñ görýäñiz? Mysal üçin, häzir konstitusion üýtgeşmeleri geçirmek we parlamentar sistema dolanyp gelmek talaby bilen türk oppozisiýasynyñ ýagdaýyna nähili baha berýärsiñiz?

Munuñ özi türk halkynyñ öz işi. Türk halkynyñ talap edýän her bir zady praktikada ýerine ýetiriläýmelidir. Eýranyñ Türkiýe bilen gowy gatnaşyklary bar. Iki ýurduñ gatnaşyklary düýplüdir we adyldyr. Bularyñ dünýä güýçleriniñem garşylyklaýyn çärelerini ünsden düşürmezliginiñ gerekdigini pikir edýärin.
Her ýurduñ güýji halkynyñ goldawy bilen baglanyşyklydyr. Halk öz sistemasyndan hoşal bolmaly we soñam halkyñ öz erk-ygtyýary öz ykbalyny kesgitläp bilmelidir. Käbirleri öz pikirlerini beýlekilere impozirlese, munuñ döretjek problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolmak gutulgysyzlyga öwrüler.

— Türkiýe we Eýran sebitdäki iñ esasy ýurtlardan. Olar uly rol oýnap bilýän we özara taryhy gatnaşyklary bolan iki uly ýurt…
Düşünişmezlik we düşünişmegiñ esasy ýerlerine ünsi çekjek bolsak, näme aýdyp biljek?

Sebit halklarynyñ añyrdan gelýän kökli gatnaşyklary bardy. Häzirem şeýle. Öz aralarynda hiç hili düşünişmezlikleri ýokdy. Halklar söwda, maşgala gurmak, hyzmatdaşlyk etmek biregi birege baglaýan gatnaşyklary saklamak isleýär. Özara jebisleşlesleri gelýär we mundan hoşal bolýarlar.
Hökümetler halkyñ eradasyna görä bolmaly. Emma şol wagt problemalar hökümetleriñ we režimleriñ ýalñyş analizleriniñ netijesidir. Sebitara hökümetler we režimler özlerini sebitden aýry görmeli däl.
Hemmämiz bir bolup sebiti dolandyrmaly, agzybir bolmaly. Agzybirlik hemmelere peýda berer. Diñe şeýdilende awtoritar döwletler hiç birimize basyş edip bilmez.
Beýleki bir tarapdan dünýäde täze güýç, adam güýji bolarys. Awtoritar döwletleruñ tutuş sebit ýurtlaryna garşy ugur görkeziji meýilnamasynyñ we komplimasiýasynyñ bardygyny ýañzytmak isleýärin. Hiç bir ýurduñ güýçli ýa-da öz-özüni dolandyryp biljek ýagdaýda bolmagyny islänoklar. Hiç bir ýagdaýda öñe gitmegimizi we ösmegimizi islänoklar.
Biri-birimiz bilen zol çaknyşyp we oñuşman ýörmegimizi, yza galmagymyzy, şeýdibem bize höküm edibilmegi isleýärler. Ýaraglaryny satmak üçin özlerine müşderi gözleýärler.

• «Russiýanyñ Ukraina çozanlygyndan peýdalanyp, Hytaý Taýwana, ABŞ hem Eýrana çozmak isleýär»

— Munuñ bilen baglanyşykly ABŞ-ny we Russiýany Ukraina garşy hapa ylalaşyga gelmekde» aýypladyñyz? Näme üçin?

— Sebitiñ şertlerini we global meseleleri gowy bilýän her kimiñ şeýtmegi gerek. ABŞ, Russiýa, Hytaý dünýä üçin täze meýilnama işläp düzjek bolýarlar. Russiýanyñ Ukraina çozanlygyndan peýdalanyp, Hytaý Taýwana, ABŞ hem Eýrana çozmak isleýär.
Bütin bularyñ barsy dünýäniñ özgerme prosesini başdan geçirýändigini subut edýär. Bütin dünýäde täze maksatnama ýola goýlar. Ukrainanyñ üstüne çozulmagy dünýäniñ üýtgewsiz hasap edilen şertleriniñ üýtgeýändigini görkezdi. Bu meniñ pikirim. Netijelerini siziñ özüñizem görersiñiz.
Meýilnamalarynyñ birinji tapgyryny amala aşyrmaga jan edýärler. Biz bu meýilnamany amala aşyrtmajak bolup dyrjaşýarys. Çünki olaryñ matlaby amala aşsa, örän köp bigünä adamyñ ömür tanapy üzüler.

— Ukraina sahnasyny sypdyrman görýänsiñiz. Eýranyñ häzirki hökümetiniñ ukrain konflikti we Ukrainadaky uruş boýunça tutumyny nähili görýäñiz?

— Bu sowaly Eýran hökümetiniñ press-sekretaryna bermeli.

— Eýran hökümetiniñ tutumyny soramok. Sowal şu: Eýran hökümetiniñ tutumyny nähili görýäñiz diýýän?

— Meniñ nähili tutumym bardygyny gowy bilýärler. Hemişe halkyñ ýanynda bolmaga çagyrýan. Awtoritar güýçlerden gaça durmaly, päli azan güýçleriñ duzagyna düşmejek bolmaly.

— Soñky döwürde Eýran bilen Russiýanyñ arasyndaky gatnaşyklary neneñ görýäñiz? Russiýa Eýranyñ bil baglap biljek ýarany bolubilermi?

— Munuñ üçin geçmişdäki reallyga we şu günki reallyga seredeliñ. Geçmişe seretsek, Russiýanyñ Eýranyñ özüni goldamandygyna bahana tapyp bilmese gerek.
Emma häzir käbir bahanalary bar.
Häzir söweş ýagdaýyndadygy aýdyp we perdäniñ añyrsynda ABŞ bilen el-ele berip, Eýrany bu uruşda özüni goldamandygy üçin günäkärläp bilmez.

— Russiýanyñ çozuşy ýaly Hytaýyñam Taýwana çozmak niýetiniñ bardygyny we basyp almak isleýändigini aýtdyñyz. Siziñ pikiriñizçe bular ýaly üýtgeşmeleriñ nähili netijeleri bolup biler?

— Bu betpäl meýilnamalaryñ birem amala aşmaz diýip umyt edýärin. Ukrainadaky uruş haýal etmän gutarar we rus esgerleri öýlerine dolanar. Ukrain halky-da kanuny hak-hukuklaryna eýe bolar.
Russiýa öñünde-soñunda sözüni ýöretjege meñzeýär. Ýagny, ýoldaş Jo Baýdeniñ tutumlaryna seredende, Russiýanyñ bu urşa girmegine we islän ýaragyny ulanmagyna göz ýumulan borly.

— Eýran birküç gün öñ Oman deñzinde (Arap deñzi) we Oman aýlagynda Russiýanyñ we Hytaýyñ geçiren harby türgenleşiklerine gatnaşdy. Bu harby türgenleşiklere syýasy taýdan baha bersek, nyşanada kim bar we sebit boýunça hakykatdanam ýaranlyk guruldymy?

— Sebitiñ howpsuzlygynyñ sebit halklary tarapyndan güýçlendirilmelidigine ynanýaryn. Sebit hökümetleri daşarky elementleriñ sebitara işlere burnuny sokmagynyñ öñüni almalydyr.

— Eýranyñ ýadro maksatnamasy barada aýdanymyzda bolsa, Eýran bilen ABŞ-nyñ arasynda ýadro maksatnamasy we öndürmegi meýilleşdirilen energetika babatdaky gepleşiklerde Barden hökümetine nähili garaýañyz? Siziñ pikiriñizçe Baýden hökümetiniñ Tramp hökümetinden parhy nämede?

— Amerikan hökümetiniñ global we halkara syýasatlarynyñ bizi goldaýan tarapynyñ ýokdugyny, Respublikan partiýadan çykan prezidentleeiñ bu global partiýalaryñ bir bölegidigini we amerikan prezidentleriñ köplenç ýerine ýetiriji bolup iş alyp barýandyklaryny pikir edýärin.
Ikinji jahan urşundan soñ urşuñ ýeñijisi bolan bolan bäş döwlet özlerinden başga hiç bir ýurduñ güýçli we ýadro ýurdy bolmaly däldigi babatda özara ylalaşyga geldiler. Bu boýunça dil birikdirdiler. Şoñ üçinem olar Eýranyñ öñe saýlanmagyna garşy çykýarlar.
Olar birmeñzeş ýagdaýda Saud Arabystanynyñ, Türkiýäniñ, Päkistanyñ, Yragyñ hem güýçlenmegine garşydyr. Ýurtlarymyyzyñ güýçli we sylanýan ýurtlara öwrülmegini islänoklar. Urany baýlaşdyrmaa işiniñ Eýrany güýçlendirjegini bilýärler. Bu olaryñ üýtewsiz syýasaty. Ýagny, Baýdeniñ, Trampyñ, Obamanyñ ýöreden syýasatlarynyñ arasynda hiç hili tapawut ýok. Baýdeniñ Eýrana garşy basyşlary Trampyñkydan has beter bolar. Çünki olaryñ barsy ýeke-täk maksada gulluk edýärler. Emma praktikada ulanýan dilleri we meýilleşdirme usullary başgaça. Bu boýunça size bir mysal bereýin. ABŞ-nyñ Halkara gatnaşyklar geñeşi (CFR) bilen Nýu-Ýorkda ýygnak geçiripdik. Olardan 28 adam gatnaşdy. Togsan minutdan gowrak wagtyñ içinde bar beren sowallary Eýranyñ ýadro maksatnamasy boýunça boldy.
Berjek sowallaryny berip bolansoñlar, bize ýöñkeýän aýyplarynyñ birinem subut edibilmediler. Aralaryndan terbiýeli adamdygy görnüp duran ýaşuly biri ýerinden turup: «Jenap Ahmedinejad, parahatçylykly maksatlar üçin urany baýlaşdyrmaga hak-hukugyñyzyñ bardygyny bilýäris, emma muny resmi taýdan ykrar etsek, erte Saud Arabystany, soñ Müsürem şeýle energiýa eýe bolasy geler. Şeýle ýagdaýda nädip olaryñ hötdesinden gelip bileris?» diýdi.
Men şonda oña: «Eger bu biziñ muña hakymyz bolýan bolsa, olaryñ hakynyñ bolmagy kanuny zat. Bu hakyñ ulanyşa girmeginden gaça durulýan bolsa, onda hiç kime beýle haky bermeli däl» diýdim.
Bu boýunça ýene bir mysalam Eýran birinji gezek industrial derejede urany baýlaşdyranda, muny ýörite jañ edip aýdan adamym korol Abdylla boldy.
Oña telefonda «Bu habary eşdeniñe begenjegiñi umyt edýän. Indi bu ulgamam siziñ hyzmatyñyzdadyr. Halkara Atom energiýasy agentliginiñ (UAEA) gözegçiligi astynda işläris. Öndüren ähli energiýamyzy size ugradýarys. Sizem hünärmenleriñizi we alymlaryñyzy ugradyñ. Gazanan tejribelerimiziñ barsyny olara-da öwredeliñ» diýdim.
Sebitimizdäki ähli ýurtlaryñ senagat we ylym taýdan ösmeginiñ gerekdigine ynanýan. Emma ýadro bombasyny edinjek bolmagyñ geregi ýok.
Ýadro bombasy adamlara gowulyk getirmez, tersine, ýadro ýaragy wagşyýanalygyñ alamatydyr. Biz ylym-bilimi, senagaty we tehnologoýany ösdürmegiñ tarapynda.
Hemmeleriñ şeýle mümkinçiliklere eýe bolmagy gerek. Emma şertler bu tejribeleriñ Saud Arabystanyndaky doganlarymyza geçirilmegine ýol bermedi, ýöne bu boýunça pikirimiz we ýönelmelerimiz öñküligine galmagyna dowam edýär. Günbatarlylaryñ muña garaýşy özlerinden başganyñ şeýle mümkinçilikleri edinmegine päsgel bermegiñ üstünde gurlan.

• «Saud Arabystany dörde, Türkiýäni üçe, Eýrany-da alty bölege bölmek isleýärler»

— Ýakymly ýatlamalaryñyz we häzirki atmosfera gurşawynda şu boýunça gepleşiklere nähili baha berýärsiñiz? Siziñ pikiriñizçe belli bir netije gazanyp bolarmy ýa bolmaz? Ukraina konflikti Eýran bilen ABŞ-nyñ arasyndaky ýadro boýunça gepleşikleri bökdäp bilermi?

— Munuñ ýakyn geljekde bolmagyna garaşamok, ýöne dünýä güýçleriniñ sebit ýurtlary boýunça betpygyl meýilnamasynyñ bardygyny bilýärin. Saud Arabystany dörde, Türkiýäni üçe, Eýrany-da alty bölege bölmek isleýärler. Sebitdäki ýurtlary bölüp, ownuk we gowşak döwletlere öwürjek bolýarlar. Bu olaryñ meýilnamasy. Mundan halas bolmagyñ ýeke-täk ýoly sebit ýurtlarynyñ agzybirligunden geçýär.

• «Eger ABŞ Russiýa berk garşylyk beren bolsa, Russiýa Ukraina çozmaga milt edip bilmezdi»

— ABŞ-nyñ Prezidenti Jo Barden oktýabr aýyndq Demokratiýa ýygnanşygyny geçirdi. Umuman alanda dünýädäki we halkynyñ aglaba bölegi musulman bolan ýurtlardaky demokratik şertleri nähili görýäñ? Jenap Baýdeniñ dünýäde demokratiýanyñ berkemegi ugrundaky tagallalary barada näme aýdyp biljek?

— Üns berilmeli käbir hususlar bar. Bularyñ birinjisi demokratiýa iñ gowy adamkärçilik tejribesidir. Emma bärde düýp mesele demokratiýanyñ kapitalizmiñ tussagy halyna gelmegi we dünýä boýunça alanda demokratiýanyñ göwnejaý durmuşa geçirilmeýändigidir.
Beýleki bir husus bolsa, häzir antikapitalistik pozisiýasyny görkezýän oýanyş akymy bar. Bular şu babatda endişeli adamlar. Demokratiýa sebäpli däl, beýleki ýurtlaryñ üstünde sürülýän agalyklar we gözegçilikler sebäpli endişeli.
Dünýäniñ kartasyny üýtgedip, Ikinji jahan urşundan soñ orta çykan iki polýuslylyga dolanyp geljek bolýarlar. Dünýäni üç polýusly görnüşe getirmek isleýänler bolsa, dünýäni dyza çökermek üçin adam güýjüni gözegçilik astyna aljak bolup dyrjaşýarlar.
BMG-nyñ gurlan wagtyndan bäri dünýäde üç milliard adamyñ garyplyk derejesindenem pes ýagdaýda ýaşaýandygyny we köp sanly uruşlar, howp-hatarlar, ýaraglanşyklar sebäpli dünýäniñ ýagdaýynyñ gowulaşyp gidibermändigini görkezdi.
ABŞ soñky wagtlar Ýaponiýada Hirosima atylanlardah has ýykgynçylykly täsirlere eýe ýadro ýaraglaryny öndürdi. Russiýa hem ondan kem galman raketa sistemalaryny synagdan geçirdi. Bular halklaryñ we olara dahylly mümkinçilikleriñ üstünde agalyk ediji güýç bolmak üçin raketaly ýaraglarynyñ dünýä boýunça gegemonlyk gurmagyny isleýär. Kapitalistleriñ ahyrky maksadynyñ Nýu-Ýorkdygyny we Nýu-Ýorkuñam häzirki ykdysady ulgamy arkaly dünýädäki ähli kapitallaryñ kesişýän ýeridigini bilýäñiz.
Saud Arabystanynyñ, Yragyñ, Kuweýtiñ, Yragyñ mümkinçiliklerine bir ser salyp görüñ. Bu mümkinçiliklerden bütin dünýäde öz gözegçiligini we gegemoniýasy mundan beýlägem dowam etdirmek üçin peýdalananlar amerikanlardyr. Bu ýurtlar demokratiýa şygary astynda dünýäniñ şertlerini üýtgetmek meýilleşdirilýän ýerlerdir.
Jenap Baýdeniñ bolşuna syn ediñ, ol ukrain halkynyñ tarapyny çaljak bolup duranok, gaýtam iki taraply gürleýär. Aslynda Russiýanyñ Ukraina çozmagynyñ öñünem şol açdy. Eger ABŞ Russiýa berk garşylyk görkezen bolsa, Russiýa Ukrainanyñ üstüne çozmaga milt edibilmezdi.
Jenap Baýden ukrain halkynyñ hak-hukuklaryndan söz açaýynam diýenok. Şol bir görnüşde rus halkynyñam hak-hukuklary onuñ ýadyna düşenok. Ýoldaş Putin wezipe ygtyýarlygynyñ möhletini 2036-njy ýyla çenli, ýagny ýene 14 ýyl uzaltdy.
Jenap Barden muny demokratiýa ters ýagdaý hökmünde garamady. Baýdeniñ ýolbaşçylygynda geçirilen Demokratiýa ýygnanşygy-da öz gegemoniýalaryny dünýäniñ boýnyna dakjak bolmagyñ başgaçarak formasydy.

• «ABŞ DEAŞ kartyny Owganystan we beýleki ýurtlaryñ hökümetlerine garşy basyş karty hökmünde ulanýar»

— Prezident Baýden ýakynda DEAŞ lideri Ebu Ibrahim el-Haşimi el-Kureýşiniñ ABŞ-nyñ geçiren ýörite operasiýasynda öldürilendigini mälim etdi. Ondan öñki DEAŞ lideri Ebubekir el-Bagdadynyñ-da şol formada öldürilendigi mälim edilipdi. DEAŞ-yñ geljegine neneñ görýäñiz? Şeýle-de bolsa siz ABŞ-ny terrorizmi goldamakda we DEAŞ-a kömek etmekde aýypladyñyz. Bu aýyplamalar boýunça düşündirişiñiz barmy?

— ABŞ-nyñ sebitimiz babatda ikiýüzli syýasat ýöredýänini bilýäris. Bir ýandan-a terrorçy guramalary goldaýar, bir ýandanam olara garşy söweşýändigini aýdan bolýar. DEAŞ ABŞ-nyñ sebitimize burnuny sokmagyñ getiren netijesidir.
Sebit halklary mundan öñ agzybir durmuşda ýaşaýardy. DEAŞ liderleri munuñ parhyna bararlar diýip umyt edýärin. ABŞ DEAŞ kartyny Owganystan we beýleki ýurtlaryñ hökümetlerine garşy basyş karty hökmünde ulanýar. Ýene bir gezek DEAŞ-yñ bu oýna düşünmeginiñ gerekdigini aýdýaryn.

— Siziñ bilen geçiren bu gyzykly gürrüñimiz gutarmanka Eýran bilen baglanyşykly bir sowal beresim gelýär. 1979-njy ýyldan bäri eýran režiminiñ bolşuny neneñ görýäñiz? Eýranda has öñ bolup geçen kynçylyklaryñ we adalatsyzlygyñ eýran halkynyñ režimden ýüz öwürmegine getirendigi barada aýdan sözleriñiz boldy. Eýran sahnasyna we eýran režiminiñ geljegine nähili baha berip bilersiñiz?

— Adamlara söz azatlygyny bermeli. Halk bir zady talap edende, şol talap hökman ýerine ýetiriläýmeli. Bu prinsip Eýran üçinem üýtgewsizligine galýar. Çünki halkyñ talaplary iş ýüzünde ýerine ýetirilmelidir.

— Eýran režimi barada nämeleri aýdyp bilersiñiz, dini režimmi ýa demokratik režim? Eýran režiminiñ dini we milletçi taraplary has agyr basýar. Eýran özüni Jöhit döwleti diýip tanadan Ysraýyl ýaly dini döwletmi?

— Din syýasy meselelerden has möhüm orny tutýar. Din adamzady birleşdirmek üçin gönderilipdir. Din adamy erkinleşdirmek we goldamak üçindir. Şulardan başgasynyñ dine dahylly ýeri ýokdur. Men hemişe şu pikiri öñe sürdüm, häzirem şu pikirdedigimi aýtmak isleýärin.

— Sözleriñizden dünýewiligi goldaýandygyñy duýup bolýar. Dogry duýupdyrynmy?

— Bu sözlere üns berilmelidigini we üstünde oýlanyp-ölçerilmelidigini aýdypdym. Demokratiýa näme, aristokratiýa näme, dünýewilik näme? Bular boýunça kän oýlanmaly.

Muhammet ZAHID GÜL,
@ZahidGol

Şenbe, 12 mart 2022 ý. Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle