|

Nämüçin?!.

Nämüçin?!. NÄMÜÇIN?!.

Nämüçin?!.

Set müň, set müň, set müň leşgeri bilen,
Ýurtbasarlar uruşýarlar nämüçin?
Asuda oturan iliň,
Üstüne abanýarlar.
Gyrýarlar,
Gyrylýarlar.
Bir-birekden bu dünýäni,
Nämüçin gabanýarlar?
Ýöne weli üstün çykýar ýaragdan,
Halkyň gahar-gazaby.
Ýitýär şonda ýurtbasaryň
Leşger hasaby.
Napoleon bilenem şeýle bolupdy,
Şeýle bolup-da Gitler bilenem.
Gara toprak gyzyl gana dönüpdi,
Milýon, milýon şirin janlar sönüpdi.

Şeýle boljagyny bilse-de duşman,
Nämüçin, nämüçin etmeýär puşman?!
Adamzat döräli bäri dünýäde,
Ýurtbasarlar oňuşmaýar nämüçin?!
Nämüçin?!
Nämüçin?!
Nämüçin?!
Belki, bu-da Ýaradanyň emridir,
Tükenýänçe munda adam tohumy,
Adamlary adam gelip gemredir.
Niçe “akylly men” diýse-de ynsan,
Barybir ol iýip ýör öz pohuny…

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle