|

Bu şeýle bor…

Bu şeýle bor… BU ŞEÝLE BOR…

Sen bol-bolma, asla, ýok eken parhy.
Günler tirkeşip dur aýlar aýlanyp.
Señ boşan otagña gözüm düşmese
Maña kär edenok soñsuz aýralyk.

Baramok señ bilen barlan ýerlere.
Dostlaryñy görsem görmedik bolýan.
Ýaşamak borjum bar, çünki men ene
Çagalarym üçin ýaşajak bolÿan.

Zeýrenmek islämok, razy pelekden.
Beslenýan, guwanýan, öñki deý gülýän.
Gözlermiñ göreji süýjüje balam
Süleýmanym üçin ýaşajak bolýan.

Ýalñyzmyñ ýa gussalymyñ äwenok
Hic zat parhyna däl bu goja dünÿäñ.
A men seniñ üçin ýiten günlermiñ
Bu gün deregini ýaşajak bolýan.

Söýmedigi göz görmese unudyp
Söýen üçin ýüregiñi goÿsa bor
Ömür gysga geregi ÿok kinäniñ
Nesip bolsa,
Bu şeýle bor,
Şeýle bor.

Zöhre ÖWEZOWA.

Stambul, 2022 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle