Gursagymda Watan yşgy gaýnaýar
Gursagymda Watan yşgy gaýnaýar
Alysda galsa-da ady kalbymda
görki gözlerimde gosgy gaýnaýan.
Josgunly baharly,
gussaly guÿzli
Gursagymda Watan yşky gaýnaýar.
Göraÿmäge güller meñzeş güllerne
guşlaram saýraýa guşlary ýaly.
Baharlary gelýä bahara meñzeş
gyşlaram Watanmyñ gyşlary yaly.
Emma nämüçindir kalbym gussaly,
Atygsaýa Watan ýaýlalaryna.
Mawy asmanyna aşyk gözlerim
Aşyk güýzde göçýän durnalaryna.
Watan adyn tutsa ýanymda biri
damarymda gyzgyn ganym oýnaýar.
Men Watanym bilen ýaşaýan diri
Damarymda Watan yşgy gaýnayar
Watanym kalbymda goşgy gaýnaýan.
Zöhre ÖWEZOWA.
Stambul, 2022 ý. Goşgular