Bu ýollar
Bu ýollar
Juda köp zady öwreder,
Berlen bu wagty owradar,
Kimi mert, kimi ownadar,
Bu ýodalar hem bu ýollar.
Ne beýle wagt aty ýyndam,
Geçip barmyş aýu-ýyllam.
Kä giň, käte inçe gyldan,
Bu ýodalar hem bu ýollar.
Bir gül deý solmankak bir gün,
Gadry dirilikde bilgin.
Aýdar kim pes, kimiň beýgin,
Bu ýodalar hem bu ýollar.
Göwni açyklaň hyýaly,
Tüm gije dogan Gün ýaly,
Duşursyn ýaryna ýary,
Bu ýodalar hem bu ýollar.
Geçene ne ýan, ne gynan.
Ýogsa ejiz göwün synar,
Ynsany synaýan synag —
Bu ýodalar hem bu ýollar.
Söýüň, yşkyň hoş gylygny!
Söýgi kalpda goş bolarmy?!
Ýazdyrar kän goşgularmy,
Bu ýodalar hem bu ýollar.
Gözeller näzi-jilwede,
Sözle, Nury söz jemle-de.
Ählimiz eltsin jennede,
Bu ýodalar hem bu ýollar.
Nury SAKÇYÝEW Goşgular