|

On ýedimiň bahary

On ýedimiň bahary Geldiň, bahar, durmuşa jan getirdiň,
Giň asmandan dökýäň tylla-merjeni.
On altymdan on ýedime ýetirdiň.
Hiç unudyp bilmen asyl men seni.

Hawa, seni gördüm on alty gezek.
Emma on ýedimiň bahar-ýazyny,
Aýdym ýaly gursagymda göterip,
Dutar alyp çalaryn oň sazyny.

On ýedi ýaşymda gül açan bahar,
Maňa giň durmuşyň şa ýolun açdyň,
Deňiz bolup joşýan gül ýaşlygyma
Baky gülgüzarly nuruňy saçdyň.

Sagbol eziz bahar, sagbol geregim,
Ýyldan ýyla saňa alkyş sözlärin,
Urmasyn goýýança meniň ýüregim,
Giň durmuşa gadam basan baharym,
On ýedimiň baharyny gözlärin.

1967 ýyl. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle