|

Oglanjykly dünýä / kindiwanja kyssalar

Oglanjykly dünýä / kindiwanja kyssalar Atyr

Ejesi toýa gitmek üçin, bezenip-beslenip atyr sepinýär.
Mazaly ýuwlup-ardylyp, geýindirilip, şol duruşjygyna toýa alnyp gidibermeli şekilde, taýýarjak edilip goýlan oglanjyk, ejesinden haýyş edýär:
-Eje, maňa-da şonyňdan pyşşyldatsana, menem biraz porsaýyn-la…

Taýçanakmy ýa-da taýhar?

Oglanjyk, gyşaryp, çaý süzüp ýatan kakasynyň ýanyna barýar-da, haýyş edýär:
-Kaka, kaka, maňa “taýçanagym” diýsene!
-Bolar, kürräm! Ine, diýýän. Kürräm, nirden geldiň?! Boldumy?!
-Boldy, kaka! Sag bol!-diýip, oglanjyk monça bolýar.
Kakasy bilen jigisiniň gürrüňini ünsli diňläp oturan agasy, oglanjyga degýär:
-Aý pekge, sen-ä kakamdan özüňe “taýçanak” diýip, özüňi atyň çagasyna meňzetmegi haýyş etdiň, kakamam saňa: “kürräm” diýip, seni eşegiň çagasyna meňzetdi…
Oglanjyk hemişe özüne degsinip ýören agasynyň belligini piňine-de alman jogap gaýtarýar:
-Özüň samsyk, özüň “eşegiň çagasy”! Kakam maňa: “kürräm” diýende, taýhary däl-de, taýçanagy göz öňünde tutýa, düşünseň…

Susak, çemçe, pyçak we sübse

Oglanjyk öýüň işi bilen başagaý bolup ýören ejesine: “şü näme, şü näme” diýip sowal baryny ýagdyryp, halys ýüregine düşdi. Ejesi onuň çeşmeden akýan suw ýaly yzy üzülmän akyp duran soraglaryna çydaman, ony aljyratmak üçin, öýüň içindäki zatlary ýeke-ýekeden görkezip, çalt-çaltdan onuň özüne sorag yzyna sorag berip ugrady:
-Şü näme?-diýip, ejesi elindäki susagy görkezdi.
Susagyň susakdygy ýadyna düşmedik oglanjyk, şonda-da üşüklijeligini edip aljyramady:
-Bulanýançy!
-Onda bu näme?-diýip, ejesi tabakdaky çemçelere barmagyny çommaltdy.
-Bulanýançyň çagalary.
-Onda, bu näme?-diýip, ejesi pyçagy görkezdi.
-Paltaň çagasy.
-Onda muňa näme diýersiň?-diýip ejesi, oglanjygy gepde ýeňmek üçin sübsäni görkezdi.
-Şonam bileňokmy, eje?! Süpürýänçi.-diýip, ojagaz tyýkyrap durmady…

Kimiň düşegi?

Agşam, oglanjyk ejesine:
-Eje, meň düşegimi ýazyp bersene!-diýdi.
-Meniňkini.-diýip, ejesi oňa düzediş berdi.
-Seniňkini?!-diýip, oglanjyk geň galdy.

Kim samsyk?

-Bol, “Men samsyk” diý!-diýip, oglanjygy garbap tutan agasy, ony goýbermän bagyrtlap durşuna, gyssady.
-Sen samsyk.-diýip, oglanjyk tassyklady. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle