|

Meşhur üzümçiniň wesýeti / makaladan parça

Meşhur üzümçiniň wesýeti / makaladan parça MEŞHUR ÜZÜMÇINIŇ WESÝETI

Köpetdagy ýassanyp oturan dag etegindäki obada geçen asyryň ikinji ýarymynda meşhur kolhoz başlyklarynyň ikisi ýaşapdyr. Olaryň biri Kerim Ahmetýar, beýlekisi Guwanç Orazdyr. Il içindäki gürrüňlere görä, öňki Aşgabat raýonynyň «Sosializm» kolhozyna ençeme ýyllap ýolbaşçylyk eden meşhur üzümçi Guwanç Oraz ýogalmazyndan burun şeýle wesýet goýup gidipdir:
— Owadandepäni elden bermäň! — diýip, soňky demini sanap ýatan meşhur üzümçi Garagumuň olumyndaky «Owadandepe» diýlip at berilýän üzümçilige nazaryny aýlapdyr. — Owadandepedäki üzümçilik size ýol açyjy mekdep bolar. Oňa eýerilip, çägelikde üzüm ekilende, bu gudratly Garagum diňe bir türkmen ilini däl, dünýäni-de üzüm bilen eklär. Bir gowy zaman gelip, maý döredigi, ir-u-giç diýmän, çekinmän-ýaýdanman, derhal üzüme gol beriň! Enşalla, üzümden türkmene uly döwlet-rysgal geler. Türkmen topragyna üzümiň hem kişmişiň ýurdy bolmak ykbaly garaşýar…
Elimi ýüregime goýup aýtsam, bu üzümli wesýet ykdysadyýetçi žurnalist hökmünde maňa köp wagtlap ynjalyk bermedi. Hakykatdan-da, Türkmenistan üzümiň hem kişmişiň ýurdy bolup bilermikä? Ine, onsoň, ömrümde bäş-on düýpden artyk üzüm ekip görmedik-de bolsam, bagta töwekgellik edip, bu güneşler ýurdunyň güneş miwesi barada bäş keleme ýazmagy müwessa bildim. Bu ugurda belli bir derejede žurnalistik, marketing gyzyklanma geçirip, alymlaryň, hünärmenleriň, belli üzümçileriň ençemesi bilen söhbetdeş boldum. Meseläniň jümmüşine aralaşdygymça-da, Türkmenistanyň geljekde pagtany, bugdaýy has-da köp öndürmek bilen birlikde, dünýäniň esasy üzüm öndüriji we eksport ediji ýurtlarynyň biri boljakdygyna, üzümçiligiň azyk bolçulygyny, müňlerçe iş ornuny döretmäge hemaýat berjek strategik pudaga öwrüljekdigine, bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň dabaralanyp, Türkmenistanyň üzümiň we kişmişiň ýurduna öwrüljekdigine ynamym has-da artdy.
Hawa, uly söze toba, eger-de Guwanç Orazyň wesýetine eýerip aýtsak, bize üzümden hem-de beýleki ekinlerimizden uly rysgal-döwlet garaşýar. Ýöne, «Gury sözden palaw bolmaz» diýleni. Geliň, şoňa görä-de, üzümdarçylygyň ýumagyny çöşläp, bu aýdanlarymyzy delillendirmäge synanyşalyň!

Täçgeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.

«Üzümiň hem kişmişiň gadymy mekany» atly makaladan parça.
Çeşmesi: https://metbugat.gov.tm/blog?id=3681. 15.09.2022ý.
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle