|

Tilki we horaz / erteki

Tilki we horaz / erteki TILKI WE HORAZ

Günlerde bir gün horaz gezelenje çykýar. Ol derwezäniň ýanyndaky äpet daragta çykyp, «Ki-ki-di-dik» diýip gygyrmaga başlaýar. Muny tilki eşidýär. Ol öz ýanyndan: «Bu horaz meniň üçin gowuja ertirlig-ä boljak ekeni» diýip pikirlenýär-de, daragtyň ýanyna barýar we:
— Salam, gadyrly horaz! Neneň, keýpiň gowumy?! — diýip, horazdan soraýar.
— Sag boluň, örän ýagşy — diýip, horaz jogap berýär.
— Sen bilýäňmi näme? Häzir hemme haýwanlar dostlaşdy: aýam, towşanam, item, pişigem, horazam, hatda tilkem. Indi biz jana-jan dost.
— Örän gowy — diýip, horaz aýdýar.
— Gel, bizem dostlaşaly. Uç-da gel meniň ýanyma. Men saňa erteki aýdyp bereýin.
— Bolýar — diýip, horaz jogap berýär-de, soňam: — Ýöne seret, ol ýerde bir adam iti bilen dur. Men ertekini şolar bilen bilelikde diňlemek isleýärin.
— Näme, näme?! It?! Onda men gitdim. Sag bol!
— Näme üçin gaçýaň? Hany, hemme haýwanlar dostlaşdy diýdiň ahyry?! — diýip, horaz onuň yzyndan gygyranda, tilki:
— Hawa, hemme haýwanlar dostlaşýar. Ýöne weli, it bilen tilki hiç haçan dost bolup bilmez — diýip, tilki gaçyp barşyna aýdypdyr.

Nemesçeden terjime eden Osman ÖDÄÝEW. Ertekiler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle