|

Ýolda köp büdreýän gatyryñ düýe ýanynda zeýrenişi hakynda hekaýat

Ýolda köp büdreýän gatyryñ düýe ýanynda zeýrenişi hakynda hekaýat Ýolda köp büdreýän gatyryñ düýe ýanynda zeýrenişi hakynda hekaýat

Bir Gatyr zeýrendi ýanynda Düýäñ:
«Ýola çyksam häli-şindi büdreýän.

Ýöremäm hyllalla islendik ýolda,
Garaz, bolup ýörşüm gözgyny halda.

Dyzlam sypjyrylýar, ýa degýär kelläm,
Şoñ üçin kän meniñ üstümden gülýän.

Şol sebäpli halys azdy meñ gäbim,
Sen-ä büdräýeñok, aýt-da sebäbin?»

Düýe oña jogap berdi howlukman:
«Biler bolsañ, men has uzagrak bakýan.

Seniñ görýän ýeriñ sähelçe ara,
Ana, şol hem seni goýýar azara.

Men töwerek-daşa belentden garap,
Äwmän, alñasaman barýaryn ýöräp.

Hut gözüm ýok ýaly, süssürlip barman,
Çukur-oýy saýgarmagy başarýan.

Seniñ gözüñ ýetýän ýeri şeýle dar,
Diñe şol sebäpli çekýärsiñ azar.

Ýörejek ýoluñy ykjam saýgarman,
Ädim ursañ, mydam çekersiñ arman». Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle