|

«Saña meni baglaýan zat…»

"Saña meni baglaýan zat…" «SAÑA MENI BAGLAÝAN ZAT…»

(Ýat ýere düşen gyzyñ monology)

Saña meni baglaýan zat
Yşkmyka?!
Bilmedim.
Ýöne seni görsem ganatyn ýaýyp
Kalbym,
Saña sary atygsaýa
Gözlem ýone goýup bilmän gülmesin
Ýaşarýa.
Men çyndan aglaýan öýdýän
Seni maña duşuran bu ykbala
Siñip gidýan sary ýag dey hamala
Saña bagly bar barlygy söýýän men
Ýagşylyk edesim gelýä baryna
Òwülesim gelýa: «Pylanyñ gelni
şeýle akylly, asylly, owadan» diýlip
Çünki ýaşamaga hakym bardyr-a
Söýemsoñ söýülip.

* * *

Saña meni baglaýan zat nämekä?!
Hiç akyl ýetirip bilemok,
asyl
Käteler oturyp oýlara çümýän
Meni aýryp bilen eje mährinden
Mejbur eden meni taşlap gitmage
Obamy, öýümi, gezen düzlermi.
Çagalygym siñip galan ýazlarmy
Baryny,
ömrümiñ tas ýaryny
Taşladyp bilen
Saña meni baglaýan zat nämekä?!
Hiç düşünip bilemok,
Akyl yetirip
Barmy muña ömür düşünip bilen?!

* * *

Yşk,
aklym goýaldy,
Añym oýandy
Sen ekeniñ meni baglap ýüpsüzje
Gul eden, soñam
süýräp ýerden alyp, ýerlere sokan
Sen bolmasadyñ,
Belki men ýat oba gelin gitmezdim
Belki söýüljegem bolmazdym kime
Girjek bolup islenmedik göwüne
Gelin bolmazdym men gowy ýürekli
Añlanmadyk arzuwlary, maksady
Awlanmadyk ýesir duşen ýuregi.
Aglanmadyk gussalary daş bolup
Çöken göwsüne.

«Ýat iller ýaman iller, bagrymy ýakan iller»
diýip öwran-öwran özümi özüm
Ukusyz gijeler hüwdülemezdim.
Bir aýagym gorde, ýatyrkam ýalñyz
Elimi uzadyp ýat ýerde ýada
Suw,
dilärdimmi hiç
Ýalamazdym ýalñyz
düşen ýaramy
Yşk …
wah, sen bolmasañ men bu günlere
Düşerdimmi hiç

Zöhre ÖWEZOWA.

Stambul, 2022 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle