|

Derýa

Derýa DERÝA

Derýa owsun atýa,
Çyrpynýar derýa.
Sürünýär ikiýan bar ýaly ary.
Derýaň towlanjyrap akýan suwlary
Ogşap otyr iki sany kenary.

Urunýar,
Kenaryn ýykyp bilenok,
Akdygyça barha in alyp barýa.
Sürünýär,
Hanadan çykyp bilenok,
Kenarlary bolsa giňelip barýar.

• GYZ

Sen şeýle owadan, owadan gyzdyň,
Meniň geljegimdiň,
Hemem geçmişim.
Göremde göwnüme ýaranňy syzdyň
Meniňem öňünde ýokdy etmişim…

Bu günde…
Aýralyk mukamyn ýazýar.
Gör, nirädir,
Gidiberdiň ýönelip
Ýok sen, ýok ýanymda, ýapraklar ýagýar,
Gidiberdiň, gitdiň dünýämi bölüp.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 27.08.1982 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle