Rowaýatyñ dowamy
Rowaýatyñ dowamy

Maña bak, eý janym, siñe bak dünýäm,
Bu elwan säherde çykar bir owaz.
Asmandan indimi,
ýerden galdymyㅡ
Bar ýerde bu mukam edip dur dowam.
Perdeler elenýär,
Käte dolanýar,
Mukamda many bar, bar ýerde nakyl.
Suw durlanmak üçin käte bulanýar,
Dünýäniñ ýüzüne dolupdyr akyl.
Bu heñde ömür bar, hem yşkly ykbalㅡ
Çykyp daragt ýaly gülläp otyr-la.
Düşünseñ bu nagma güllärem ahmal,
Gatynda bir giden taryh ýatyr-la.
Gopuz diýseñ gopuz,
belki-de, gyjak,
Bir pursatda ýazlar üýtgäp dur, howa.
Tünde Aý dogupdyr ㅡ añyrda gündiz,
Saza gir, özüñi görüpler rowa.
Lummur-lummur,
gümmür-gümmür, aýyl men,
Belki, huşda dowam eder rowaýat.
Taryñ üzme, lal bolmaga kaýyl men,
Diýme maña: »Bu saz nedir, aýan et!»
Dutarçy ýok, gyjakçy ýok, tüýdük ýok,
Onda-da gelip dur sazyñ owazy.
Ýerdenmi, Gökdenmi yşk gürläp otyr,
Pyşyrdaýar rowaýatyñ dowamy.
Joşýar deñiz, joşýar ýene hyýalat,
Dünýä bu hikmeti özüñ aýan et.
Oguljemal ÇARYÝEWA. Goşgular