Eşitdim-eşitmediň diýmäň! / ýumoreska
Eşitdim-eşitmediň diýmäň! / ýumoreska
— Niredir bi?
— Ýaşaýyş jaý ulanyş uçastogy.
— Maňa öý uprawleniýesi gerekdi.
— Şol-da şü. Ýöne täzelikde ady üýtgedi.
— Hernä iş bitirişem üýtgän bolaýbilsedir.
— Aýdyberiň ýumşuňyzy?
— Aýtsam daýza, sanuzeliň suw gelýän ýerindäki rezin turba bar-a… Ýogynlygy injik ýaly, uzynlygam bir sere…
— Hawa, hawa…
— Ana, şol deşilipdir, suw damyp, öýi yzgarlanyp dur. Şony çalşyryp beräýmesiňiz-ä boljak däl.
— Wah, çalşyrmasy hiç-le welin, ýöne şoň ýaly turba bizde ýok-da. Hojalyk magazinini görüň. Şonda satlygy bolmagy mümkin. Eger tapaýsaňyz habar ediň, slesar iberer-de, derrew oturdaýarys.
— Magazinde-de ýok-da, krandyr sanuzeliň zapas şaýlary gelenok diýýäler. Ýogsam, on dagy baryp gaýtdym-la men.
— Be, nätsekkäk onda?! Oba magazinlerinde bolaýmagy ähtimal. Bagyra, Köşä dagy bir aýlanyp görüň. Belki…
— Golaý-goltumda magazin bolsa görüp çykdym. haýsyna barsaň «bizde ýok» bolup dur.
— Şeýlemi?.. Nätmeli borka onda?
— Onçasyny özüňiz bilmeli. jaý pulun-a alýaňyz, bejermegem siziň borjuňyz.
— Borjumyz-la welin, bizde şoň ýaly rezin turba ýok-da. Siz meň bilen ýaňka-ýaňka edişip durman, täze jaý gurýanlaň ýanyna giden bolsaňyz bireýýäm tapardyňyz şol turbany.
— Siz ogurlyk etmäni maslahat berýäňiz-dä onda?
— Il-ä gidip getirip dur, zerur bolsa dagy nätjek. Her ediň, hesip ediň, şol turbany tapyň. Eger biagyrylyk edip, jaýa zeper ýetiräýseňiz, jerime tölederis. Soň eşitdim-eşitmedim diýmäň!
Rahman ÖWEZOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 28.01.1983 ý. Satiriki hekaýalar