|

Gözleriñ gök kenarynda

Gözleriñ gök kenarynda GÖZLERIÑ GÖK KENARYNDA

Gözleriň
Gök kenarynda
Ýagyşlar bar
Ýalpyldaýar saz ýaly
Güneşi bar
Ylgap ýören gaz ýaly
Ýelkeni bar
Hyýalymy aparýar
Aňyrsy bolmaza
Ykladyp barýar.

Gözleriň
Gök kenarynda
Deňize açylýar bar äpişgeler
Güneşe gabanýar gür ýygaşgalar
Ýüz dürli öwüsýar gökde nagyşlar
Entäk bir ýok ada göç edýär guşlar.

Gözleriň
Gök kenarynda
Görsene gar ýagýar jöwza tomsuna
Içi merjen doly pyrkam_pyrk nawlar
Suwy ýaryp barýar haýsy üm_süme

Gözleriň
Gök kenarynda
Gaýalarda çaga ýaly ylgaýan
Dem alyp deňiziň şorja ysyndan
Ýadaw serçejige elim galgaýan

Gözleriň
Gök kenarynda
Gijelerne daşlar
Baý aýdyp berýär
Entäk açylmadyk jadyly gozde
Haýsy şahyr müñläp goşgy gizleýär.

Wah, maňa naw beriň
Ýa nawçy ediň
Şonda seň gözleriň
Gök kenarynda
Mahmal düşek düşäp
Yklap ýatardym
Her gije nawymy
Ýanadyp ýaka
Şol kenarda ömür
Labyr atardym.

Nizar KABBANI,
Siriýa şahyry. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle