Hаs Тürkmеniñ «Şeýtanyñ nalyşy» eserine tankydy syn
Hаs Тürkmеniñ "Şeýtanyñ nalyşy" eserine tankydy syn
Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen türkmen milliligimiz hem täzeden dikeldi. Aýaga galan medeniýetimiz — öňki köne öwüşgünini ýitirip, täze kämil jemgyýetiň aňy bilen swilizasiýa goşuldy. Hormatly Arkadagymyzyň başda durmagy netijesinde belent ösüşler bilen bilelikde, türkmen şygyrýeti hem belent sepgitlere sary ýol aldy. Emma geni şahyrymyz Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn «kämillikde hiç hili serhet, ýa-da çäk ýokdur.»
Türkmen şygyrýet äleminde özüniň ukyp-başarnygyny birjikde okyjylar köpçüliginden aýamaýan, ýakyn galamdaşymyz bolan Has Türkmeniň ýaňy ýakynda özüniň ajaýyp werlibrleriniň ajaýyby hasaplanjak «Şeýtanyň nalyşy» ady bilen okyjylaryna ýetirdi (www.kitapcy.com saýtyndan okap bilersiňiz). Galamy has-da ýitelýän awtoryň bu eserinden diýseň köp hadysalara ýüzlenilmegi esasanam, dini pelsepewi pikirleri onuň zehin derejesiniň köplerden artykdygyny äşgär edýär. Eseriň adyndan belli bolşy ýaly — adamy azdyryjy jyn pisint şeýtanyň Beýik Biribaryň huzurynda Oraza aýyndaky igenç gatyşykly janyýangyn setirleri beýan edilýär. Eseri içgin okadygyňsaýy waka göz öňünde janlanyp başlanýar.
Ähli zada içgin başlamazdan öň, musulman aý hasaby boýunça Remezan aýynyň we Oraza sözleriniň ýüzleý seredip geçeliň!
Oraza sözi, parsça “günlik” manysyny berýän “Roze” sözünden Türkmen dilimize Oraza görnüşinde geçipdir. Bu sözüń Kurany Kerimdäki görnüşi “sawm” we “syýam”-dyr. «Sawm» sözüniń sözlükdäki manysy: iýip-içmekten özüńi saklamak, çetde durmak, berhiz etmekdir.
Remezan aýy — Hijri-kamary aýlaryń onunjysydyr. Remezan sözi: aslynda güneşiń toprak ýa-da daşa düşüp döreden gyzgynlygyny ańladýar. Araplaryń aýlaryń adyny gadymy dilden geçirenlerinde şol aýyń gabat gelýän wagtyny esas alandyklary we bu aýyń gyzgyn döwre gabat gelenligi bildirilýär
On bir aýyň soltany hasaplanýan ORAZA aýynyň başlanmagy bilen Hudaýyň gapysyndan daşlanyp kowulan Iblisiň nesli hasaplanýan şeýtanyň Gudraty Güýçliniň zyndanynda tutulup, otuz gün zynjyr bilen daňylgy saklanýandygy barada rowaýat Has Türkmeniň «Şeýtanyň nalyşy» eserinde dialog halynda dartgynly suratlandyrylýar. Ol eser şeýleräk başlanýar:
Eý Hudaý!
Niçiksi zamana boldy,
Eýýäm geçip gidäýdimi on bir aý?!
Eseri haçan-da dowamly okayan wagtyň dini düşünjelere içgin aralaşýarsyň. Emma bu ýerde diniň üsti bilen ynsanlara tankyda alynmagy hem Adamzat nesliniň ömrüniň tutuş bölegini diňe gowulyga bermeýändigi bilen baglanyşdyrsak dogry bolar. Häzirki diýmekçi bolýan sözümizi belli ýazyjymyz Osman Ödäniň sözi bilen aýtsak has-da ýerlikli bolar. «Her bir adam perişdeden hem melgundan ybarat. Adam kemala gelip başlanyndan şeýtan bilen perişdäniň arasynda göreş başlanýar. Ol göreş gubura çenli dowam edýär » (O. Öde «Garaşsyzlyk diwany «, Aşgabat 1998; sah. 304) diýmegi ýüregi many taýdan içgin dokundyrýar. Eseri dowamly okadygyň saýyn dini filosofiýa has aýdyň girip gidýäň. Mysal üçin;
Öňünden söz berýän,
Päk musulmana,
Ýewreýe,
Indusa,
Hristiana,
Ýagşydan-ýamandan habar gatmaryn,
Edişi dek rahmet perişdeleriniň
Buzahorlaň,
Zynahorlaň roýuna,
Bir gezegem öwrülmerin, bakmaryn.
Haçan-da şu setirleri okaýan wagtyň Has türkmeni mazaly tankytlamaly bolýarys. Ilkinji sorag belgi ýaly göze kaklyşýan zat «Päk musulman» sözündäki «päklik» sözi bolup durýar. Eger musulman dini beyleki dinlere garanyňda ýokarda tutulýan bolsa, näme sebäpden görkezilen setirlerde «Buzahorlaň, zynahorlaň…» ýaly sözleri umumy manyda alyp görkezýär? Ýene-de ayratyn bellemeli zat — dini düşünjeleriň astynda ullakan terbiýe saklanýar. Her bir indusam, hristianam, musulmanam öz dinine hormat goýsa gerek. Emma beyleki dinleriň özeni bilinmän, köteklense nenen bolar? Aýdaly dünýäde iki müň sany dini akym bar. Haçan-da bir ateist dünýädäki ähli dini red edýän bolsa, bir dindaram 1999 sany dini red edýär. Eýsem, bu ýerdäki düşünje bir dindaryň beýleki bir dine hormatsyzlygyny aňladýarmy? Ýok, bu ýerden şeýleräk bir kesgitleme emele getirseň bolar. Ähli dinler biri-birlerine garşylyklaýyn hasaplamakdan başlanýan düşünjeleriň bolmagydyr.
Eger geçenleri dörmeli bolsa,
Ýatladaýyn ýene bir ýagşy işim:
Ýadyña düşýämi?
Set milýon ýyl öñ
Ýaradañda jyn diýilýän mahlugy
Bary-ýogy kyrk ýyl geçip-geçmänkä
Ýetjek derejesne ýetende olar,
Inkär edip kesgitlenen ahlagy,
Señ özüñe haýbat atanda olar.
Perişdeleñ leşgerine baş bolup,
Ölüm ýokdur öýdüp ýören jynlary
Kowumdaşym diýmän,
Hyşdaşym diýmän,
Süpürip taşlapdym ýeriñ ýüzünden.
Eýse näme kim azdyrdy şolary?
Şeýtanam-a ýokdy olañ ýanynda.
Onda-munda,
gowaklarda,
daglarda
Iñ soñky deminde,
ahyr janynda
Zulmat tümlügine sümülip galan
Albassy mülhitler şaýatdyr maña.
Eger şeýtan hakykatdanam Allanyň gapysyndan daşlanyp kowulan bolsa, ýene-de şeýtan Oraza aýynda eli bagly zyndanda bendi tutulýan bolsa, haýsy gudurat bilen albassy şeýtan Hudaýyň huzuryna baryp, Gudraty ähli zatdan belent Allaha beýle zatlary diýip başarýarka?
Bulardan başga-da ýeriň hany ýaly höküm edýän ynsanyň dini ynançlary dürli-dürlidigini ählimizem bilýäris. Emma şeýle bir soragy öz dinimiz bilen jogaplamaga çalşalyň; «Adamlaryň bu dünýä myhman ýaly gelmeginiň sebäbi ýa-da manysy nämedir? » Bu soragyň düşünjesi şeýleräk terzde düşündirse bolar: «Adamlaryň bu dünýä inmeginiň iň uly sebäbi; gökleriň we ýerleriň ýaratiçisi bolan Allahy tanamak, bilmek we oňa gul söýgüsi bilen ybadat etmekdir.» Emma şeýtan aýtmyşlaýyn onuň bolmadyk aýynda hem üýtgeýän zat ýok. Bu pikiri Has Türkmen içgin öwrenip giňişleýin düşündirmegi başarypdyr.
Soñ ýene zemini etmişi bilen
Kirledip taşlajak ynsan ýaratdyñ.
Iñ ýamanam meni öz huzuryñdan
kowup,
oñ azmagna sebäpkär etdiñ…
Ýeri bolýa!..
Bes edeli könäni.
Peýdasy ýok puşmanymyñ barybir,
Meni müdimilik lowhy-mahfuzda,
Dowzahyñ oduna giriftar kylmak
barada hökümi ýazan galamyñ
syýasy birmahal gurady gitdi…
Ýöne weli, «kyrk oýnaşly äri bir
loly dünýäñ»* görmänkäler işini
Nebsine haý diýmän,
Etjegin edip,
Soñundanam «şeýtan azdyrdy» diýip
Bar eden etmişin meniñ boýnuma
Ýüklejek bolýanlañ bäş-on sansynyñ
Owradaýyn otuz iki dişini!
Ýokardaky setirlerde has ünsümi çeken nalyşyň içinde nägilelik duýulýan setirleri şeýtan dilinden eşitmek, hamala diýersiň jenaýatkär özüniň jezasyndan nägile bolup patyşahy günäkärleýän ýaly manylara hem gabat gelmek şygyr içinde täze mana sowuljaga meňzedýär. Emma beýle däl:
Soñ ýene zemini etmişi bilen
Kirledip taşlajak ynsan ýaratdyñ.
Iñ ýamanam meni öz huzuryñdan
kowup,
oñ azmagna sebäpkär etdiñ…
Eýsem, bu ýerde şeýtan Hudaýyň huzurynda oňa şu işleriň nädogry, bu işlerin dogry diýip, bilýän mahluk hökmünde hem düşünmek bolýar. Munun tersine özüni aklajak bolýan jenaýatkäre hem meňzetseň bolýar.
Nalyşy kabul bolmaýan şeýtan özüni aklamagyny eseriñ tutuş dowamy boýunça yzygider alyp barýar. Muňa mysal edip birnäçe delilleri dilinden asla düşürmän, adam oglunyň asla düzelmejek ýaratykdygyny bir nokatda jemleýär. Ýene bir bu ýerde aýratyn bellenmeli zat, «ynsan indi şeýtan bolmazdanam — erbetlikleri öwrenmek, ol häsiýetleri jemgyýetde ýaňzytmakda tejribesiz däl. Türkmen aga aýtmyşlaýyn «Gurduň agzy iýsede gan — iýmesede gan» diýen filosofiki pikiri orta atýar. Şeýtany «gurt» hökmünde görkezmekde Has türkmen poeziýa talantyny orta atandygyny ählimiz eseri okan wagtymyz ap- aýdyň düşünýäris.
Şahyr jemgyýeti özüçe janlandyrýar, ol öz pikirleri esasynda mifiki pikirlerden real düşünjeleri döredýär. Şeýtan biziñ dünýämizde ideal mahluk, emma ol häzirki döwürde adamyň ýalňyşy hökmünde düşündirilýär. Ähli ýalňyşlar şeýtan tarapyndan amal edilýär. Şu düşünjeleri adam döräli bäri beýnisinde saklap gelýär. Emma şeýtan «özi bolmasa hem ynsanlaryň has gorkunç ýalňyşlyklary we günäleri etjekdigine ynanýar».
Bujurygy artyp añkasy aşan
Adamzadyñ bir-birini öldürip
Ynsabyny diri ýuwdup,
utanman
Pitne-pisat içre bolup ýörşüne
Jemlenişip nazar salsyn kä daýym.
Goý, görsünler hakykaty dostlaryñ
Meniñ mejbur etmändigmi bu hala
Gelendigni duýman gep-gybat bilen
Töhmet bilen,
Etmiş,
gabahat bilen
«Adam atly belent adyñ» gymmatyn
Kemçinleñ nyrhyna düşürişlerni.
Hemem dünýäñ ahyrynda gopmaly
Kyýamatyñ gelmegini arzuwlap
Jeñ tozuny göge galdyrýan lordlañ
Itine öwrülen terrorçylaryñ
Ellerine ýarag berip parahat
oturan halklary biri-birine
Ýagy eýläp, soñam dialogara
Duşuşyk geçirdip stol başynda
Isa,
Musa,
Muhammediñ ymmatyn
Barmagynda pyrlap ýören ketdeleñ
Bet pyglyna neçün göreñok çäre?
Eýsem, mundan gowy düşündiriş bilen ýürege ýakyn manyny toplamak mümkinmi? Ähli zatda hem kemlik bardyr, emma bu setirlerde kemlikden uly artykmaçlyk bar.
Goşgyny okap oturşyma men bir waka bialaç ýadyma düşýär. Tanyşymyň maña diýen sözlerini şu ýerde agzamak ýerlikli bolar hasaplaýan:
«Onuň gelindigi sebäpli men oňa köplenç şeýle diýerdim:
— Köp zada siz günäkär, siz bolsa, şeýtansyňyz — diýemde, onuň hem jogaby nagt bolupdy.
— Şol günäleri ýa bize, ýa-da şeýtanyň üstüne atyberiň. Ýöne bir gün şeýtanam çykyp, » meni-de adam azdyrdy diýer! » -diýipdi. Ýokardaky diýilýän pikiriň düýp manysy bilen meňzeş sözi okaýan wagtym naýza ýaly sözlemler içimi oduň ýylysy ýaly çawlaýarlar.
Emma men awtoryň bu eserinde ideal pikirlere köp üns berip, real durmuşdan uzakda galandygyna düşünýän, çünki Oraza aýynyň gelmegi bilen ynsan günäleri bary-bir azalmaýaram, kemelmeýärem. Emma dini düşünjelere görä edilen islendik günäleriň we sogaplaryň iki gatynda ýazylýandygy ynandyrylýar. Nätjek, eserde bu barada hiç hili agzalmandyram.
Gaýtam ýylyñ ýyly on ikinji aý
Golaýlanda meni zynjyra dañýañ.
Dañylgy durkamam eden günäsin
Meñ boýnuma oklap ýören gendeleñ
Töhmetine golum bagly urunýan.
Işime goşulýa diýip düşünme,
(Öñ goşulyp näme gördüm diýsene!)
Ýöne seret,
gäbi azan bendeleñ
Ne Rejebi bilýä,
Ne Remezany,
Ne-de bilýänleriñ hormat-sylagyn.
Agzaçar uçurlar meýlise başlan
Tä dañ atýança selälige çen
Bes etmez içmegni meniñ siýdigme
Ýugrulan zakgum deý ajy şeraby
Hem-de zynany!
Çirim etmän doga okap geçmeli
Gijeleñ ýagşysy Gadyr gijesin
Ýaş gyzlar Pashadyr öýdenok, Tañrym!
Şol mukaddes gije öz gyzlygyny
Bigänäñ astynda serýän juwanlañ
Samsyklygna ýanýan,
bulanýar añrym.
Nuh eýýamynda dörän şerap, binika jynsy gatnaşyk; bularyň ikisi hem diniň aýratyn agyr günä hökmünde düşündirilýän gatnaşyklary. Emma häzir şu iki hereketler dünýä ýüzünde öňi alynyp bolmajak derejede ösendir. Bu ýagdaýa diñe şahyr däl, hat-da şahyryň gahrymany — erbetligiň simwoly hasaplanýan şeýtanam gynanýar. Has türkmen poeziýa mümkinçiliklerini ulanyp, öz pikirlerini şeýtanyň üsti bilen okyjylara ýetirýär. Meniň pikirimçe eseriň ideal tarapdan seredilmegi dünýäniň syýasaty ýaly dem almakdan ybaratdyr. Çünki ykdysadyyeti döretmäge syýasy diplomatiýa işe girýär. Eserde hem şeýtan syýasatçy, özem günäkärlenýän şahs hökmünde rol alýar, ýöne awtor gahrymana diýseň köp delil berýär welin, şeýtana ynanmazlyk mümkin däl.
Adamy özüme şägirt
etmändim, etmerin. Emiriñ bilen
Biri-biriñize şägirt-halypa
Bolarsyñyz diýip ses gelse gaýyp.
Görmändigim üçin şulardan ägirt
Şeýtanyñ bireýýäm otyrýerini
Gysdyrdan şerimsiz ajap jandary,
Höwes bilen şägirtligi saýlardym.
Ondan öññe bir towakgam bar Senden
Eger goýbermejek bolsañ Zemine
Töhmetine goýma ynsabyn ýuwdup
Men dañylgy durkam meniñ boýnuma
Edýän günälerni atmakdan gaýtman
Remezany sylamaýan gendäni
Hetdin tanar ýaly mugjyza görkez:
Ýa meni dañ on bir aýlap zynjyrda,
Ýa bir aýlap duşaklap goý bendäñi!.
Soňky iki setir jemleme hökmünde alsak, şeýtanyň Hudaýa näme diýmek isleýändigine aýdyň göz ýetirýäs. Eger ynsan öz günälerini (ýalňyşlyklaryny) dini düşünjelere bagly saklap, şeýtan nalyşy bilen ýaşamak islese, zynjyra bagly şeýtan öz zorlugyny Hudaýa düşündirmekden başga çykalgasyzdygyna — eseriň üsti bilen has-da içgin düşünýäris.
Ýene aýratyn bellemeli zadymyz şeýtan nalyş edýän wagty dialog bir taraply amala aşyrylýar. Bu bolsa, şeýtanyň bir taraply söhbeti hökmünde kabul edilmegi ahmal. Onsaňam şygyrdaky şeýtan Iblisdigi dogrusynda hem ýekeje kelam söz aýdylmaýar, ýa olarda hem ählisiniň adyndan belli bir diktator barmyka? Eger şeýle bolsa, elbetde Iblis söz eýesi bolardy.
Şeýle-de eseriñ başynda epigraf hökmünde (eseri doly oka) halypa şahyrymyz Orazguly Annaýewiň iki setirini almagy eseri näçe çeperleşdirse hem ol iki setir belli bir çäkde saklanyp galypdyr. Ýöne bu zatlaryň ählisinden ötri eser diýseň ajaýypdygyny bellemegimiz gerek. Biz hem şu sebäpden Has Türkmene döredijilik äleminde has uly öňe gidişlikleri tüýs ýüregimizden arzuw edýäs! Goý, mydama galamyñ ýiti bolsun!!!
✏ AHALLY Edebi tankyt