«Dymýan bolsam, sebäbi bar, elbetde…»
"Dymýan bolsam, sebäbi bar, elbetde…"
Dymýan bolsam, sebäbi bar, elbetde,
Doñupdyr duýgyma siñen kelamym.
Hyýalymda ýüzüm ýelpär ýelleriñ,
Gulagymda ýañy ýagýan jalanyñ.
Saña bagly ykbalyma buýsanyp,
Kän egipdim başym Tuguñ öñünde.
Şol günleriñ küýsegini duýsana,
Saña bolan yşk gaýnaýa demimde.
Tarypyñy dil bilen däl, jan bile
Edýän göwün kapasada çyrpynýa.
Aksa, adyñ tutjak gyzgyn gan bile,
Bu gün dolup-daşyp syganok dunýä.
Ýaýlalary ýaşyl begresli Watan
Buýsanjym, aýdymym, mydam gözlegim.
Ömrümiñ manysy nirde bolsam-da,
Saña bagly ülşi yzlar gözlerim.
Stambul, 2022 ý.
Zöhre ÖWEZOWA. Goşgular