|

Ene watan

Ene watan ENE WATAN

Arassa howaňdan erkin dem alyp,
ýaşajyk nahal dek ösdüm Watanym.
Derdime, gamyma senden em alyp,
Topragyň ýüregme basdym Watanym.
Çünki topragyňda ösýän güllerden,
Mähriban enemiň ysy gelip dur.
Her zaman ýüzümi sypap ýeller-de,
Mylaýym demini ýa-da salyp dur.

• NAHALYM

Elime pil alyp oglan mahalym,
Ömrümde ilkinji eken nahalym,
Bu gün daglar bilen egnini deňläp,
Otyr howlymyzda, otyr seleňläp.
Tomusyň jöwzasy, gyş boragany,
Sähel hem gorkuzyp bilmedi ony.
Günsaýyn boý alyp, ösdi mazaly,
Ýigitlik göwüniň ösüşi ýaly.

Durdy ATAÝEW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1958 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle