|

Sygan gelnine

Sygan gelnine SYGAN GELNINE

Aýalarny gerip,
Garagöz gelin,
Gür berjek bolýaňmy ykbalym hakda.
Duýýaňmy ýüregmiň gürsüldisini,
Aýby ýok,
Aýdyber gözlerme bakda.

Ýöne,
Birje zady unutmaweri,
Aýtsaňam agzyňdan haýyr açjak bol!
Bilip bolmaz,
Uzak ýoldur, ýolumda,
Çataklyk bar bolsa
Aýtman, gaçjak bol!

Aýtma,
Aýtma, bilmezlikdir gowusy.
Ýakymsyz göz geçsin,
Gulagma ilmän.
Erte bu jahany goýýanam bolsam,
Gideýin,
Gidbänmi öňünden bilmän.

Ýogsa,
Bilýänsiňem, bolşuň däldigin,
Ähli zat gül ýaly,
Parahat ýörseň.
Bu ýagdaý bildirmän geçibem gidýä.
Az wagt,
Göwnüňe basalyk berseň.

Gözel ŞAKULYÝEWA.

“Edebiýat we sungat ” gazeti, 30.05.1979 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle