Azatlyk
Azatlyk
“Azatlyk” sözünden ajaýyp söz ýok!
Onda dynnym ýaly gorkunçlyk ýok,
Arzuwy, umydy öçürýän buz ýok.
Gaýta ýüreklere umyt bar onda,
Onda tämiz howa hem ýagtylyk bar –
Durmuşyň şatlygy, lezzeti şonda.
Geçen asyrlaryň paýhasy şonda,
Adamyň sylagy, sarpasy şonda,
Ynsan gözelligi, saýhaly şonda.
Aç bolmasaň, tä doýýançaň iýseň-de,
Gulçulykdan masgara zat ýok asyl.
Ajy gulçulyga nälet okaýan –
Goý, ot alsyn, goý, kül bolsun, gowrulsyn.
Indi mydam süýji günler dogrulsyn.
Şaaban ROBERT,
Tanzaniýa. Goşgular