Toý paýy / ýumoreska
Toý paýy / ýumoreska
Ýaňy işden gelip, geýimlerimi çalşyryp durkam, birden gapy kakyldy.
— Giriberiň – diýip seslenerime mähetdel gapydan Serdaryň süýri ýüzi göründi.
— Bo-how, asyl öýde ekeniň, priwet, Berdişka!
— Salam.
Serdar iki eli bilen meniň sag elimi şeýle bir gysdy welin, tasdanam gygyrpdym. Men oňa stol başyna geçmegi mürähet etdim.
— Stol başyna-ha gaty geçeris. Öýlenipsiň diýiň eşitdik. Düşümlisi bol-a. Özem men komandirowkada wagtym öýlenipsiň. Toý paýy bardyr-da hernä?!
Dostum ellerini owkalaşdyrdy-da, stoluň üstüne seretdi.
— Geregiň toý paý bolsun, Serdar. Hany sen birazajyk otur, men derrew çaý oturdaýyn.
Men Serdaryň eline suratly albomy tutdurdym.
— Häzirlikçe şu suratlara seredişdir. Onýança hemme zat taýýar bolar.
Serdar albomy eline alan badyna ondaky suratlary “sortlamaga” başlady.
— We, walla bujagaz gyzyň owadandygyny. Arman, gözi kiçiräk, ýogsa-ma, erbedem däl ekeni.
Ol meniň ýüzüme seretmän sorag berdi:
— Ýogsa-da, Berdişka diýýänä, gözi kiçiräjik gyzlaryň häsiýeti gyňyr bolýar diýýärler welin, şol dogrumyka ýa-da…
Men iki egnimi gysyp goýberdim-de, aşhana baryp çaý oturtdym. Nahar taýýarlamak üçin et dograp başlan badyma dostumyň sesi eşidildi:
— Berdişka, aý Berdişka, bäri gelse-ne!
Men onuň howsalaly sesine aşhanadan nähili çykanymy hem bilmändirin.
— Hä, näme boldy?
Serdar meniňem howsala düşenimi görüp, jak-jaklap gülüp goýberdi.
— Ha-ha-ha, ýigitde ýüreg-ä bar ekenow. Näme men ot alandyr öýtdüňizmi?
Onuň üstümden gülmesine biraz gaharym gelse-de, syr bildirmedim. Myhman hatyrasyny sakladym.
— Neme-le Berdişka, sen şu gyzy tanaýarmyň?
Serdar albomdaky suratlaryň birini maňa görkezdi. Men onuň bu soragyna gaharlanjagymy-da, güljegimi-de bilmedim.
— Hawa, tanaýan.
— Adyna kim diýýäler.
— Adyna Maral diýýärler.
— Näme diýse-ne Berdişka, sen meni şu gyz bilen tanyş etsen-e. Men seniň gadyryňy bilerin. Özüm serpaýyňy ýetirerin.
Men ony gepletjek bolup, biraz öjükdirdim:
— Onuň bilen tabşyp, näm etjek?
— Wah, sen-ä meniň içimi ýakdyň, Berdişka. Gyz bilen tanyş bolnandan soň nädilýändir?! Elbetde, onuň bilen aramy sazlajak. Eger göwnüme ýarasa-da, öýlenjek.
— Bu zatlara Maralyň razy boljagyna gözüň ýetýärmi?
— Päheý, sen-ä dogrudan hem içýakgyç adam ekeniň. Sen bir meni tanyşdyrsaň bor. Galanyny özm oňaryn.
Dostumyň dili hasam süýjäp başlady. Ol maňa bu iş üçin köp halatlar wada berdi. Men ýene-de ony öz ugruna kowdum.
— Sen onsoň, şo gyzyň öz göwnüňe ýarajagyny bilýärmiň?
— Hawa, bilýärin. Beýle owadan perileri ele salyp bolsa, baý ýaşaşsa bolar-a.
Ol agzyny şapbyldadyp, iki elini biri-birine süýkedi.
— Bä, walla, beýle-de owadan perizat bolar eken-ow. Edil daşyna ýag çalyp ýalabermeli…
Şol wagtam gapydan gelnim Maral geldi. Ol içerde bal tansyna pyrlanyp ýören pyýadany görüp, aňk bolup durdy. Soňra men dostumy duruzdym-da oňa ýüzlendim:
— Serdar, tanyş bol, meniň gelnim Maral.
— Ä… Näme…
— Tanyşdyr diýip haýyş etdiň, ynha tanyşdyrdym. Indem näme, yzyny özüň görüber.
— Hä… Hawa… Neme-le…
Maral hiç zada düşünmän, myhmana ýüzlendi:
— Wi, näme aýak üstünde dursuňyz. Stol başyna geçiň, häzir saçak getireýin.
Serdaryň ýakasyndan ary giren ýaly boldy.
— Ýýa, walla, senem… Berdişka… men… oýun…
Ol sakawlap durşuna näderini bilmedi. Uzyn ellerini nirede gzilejegini bilmän, ony kä kisesine sokdy, kä-de goltugyna. Ahyram edilen mürähede-zada seretmän, köwşüniň bagjygyny hem daňman çykyp gitdi. Ine, dostumyň toý paýy şeýle boldy.
Jumageldi SAPAROW.
“Edebiýat we sungat” gazeti, 27.01.1979 ý. Satiriki hekaýalar