|

Älemiň manysy

Älemiň manysy ÄLEMIŇ MANYSY

Älemiň manysy

Näme diýjek?!
Şol bir geçilen ýol.
Gözýetimden gözýetime çen,
ykballaň tükeniksiz birmeňzeş sudury…
Çür başynda bolsa kert gaýanyň,
ähli adam-sudurlaň Adam atasy…
Adam dogulýa…
Ýaşaýa…
Garraýa…
Ruh eýlenende
Jennetiň abynda,
Dowzahyň odunda,
Eşret şemalyna serlip,
kakadylsa-da janköýerlik narynda,
Undulypdyr, ony bişirmek,
biperwaýlyk tan-nurunda*.
Şoň üçinem, doglanda närza ynsan,
ötüp bilmeýär biparh bolup,
bu bipaýan perwaýsyz dünýäň deňinden…
Jinnege bagryn ýakýa,
dynnyma gynaýa özün,
şatlykda-da aglaýa,
gaýgyda-da seçeleýä gözýaşyn,
gynansyn…
begensin…
hiçisi gursagyna sygmyýa…
belki,
şudyr ýorgudy –
– bu syry ýorulmadyk Älemiň:
Perwaýsyz dünýäni perwaýy bilen oýarmak…

© Öwezgeldi BEGLIÝEW.

* Tan-nur — gadymy şumerleň (garabaşlaň) dilinde: tan — öý, nur — ot, «oduň öýi» (tamdyr). Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle