Toý goşgusy
Toý goşgusy
 Eda bilen ýazlan gaşlara garap, 
 Emaý bilen süzlen gözlere garap 
 Söýgini görübem, duýubam bolýar, 
 Ýöne nämedigin diýip bolmaýar. 
 Ezizowa çenli Gomerden başlap, 
 Söýgi näme — ony hiç kim bilmeýär.
 Söýgi mätäç däldir şahyryň dilne, 
 Söýgüde has şirin, 
 Has şeker dil bar, 
 Oňa diňe söýýän gözler düşünip, 
 Diňe söýýän gözler sözleşip bilýär. 
 Şol söýgi gepledi, gepledi şu gün, 
 Siz söýgini sylaweriň ýüze bir. 
 Bu uly toý, 
 Bu ullakan dabara 
 Söýgiň aýdan iň ilkinji sözüdir.
 Goý, söýgi sözlesin şahyra derek, 
 Her gün toýa täze toýy seplesin. 
 Keramatly söýgi indi her gezek 
 Ak gundagda jägildäpjik geplesin.
Nobatguly REJEBOW. Goşgular
