| | | | |

Türkmen şygryýeti — türkmen ruhy -6: Edebi ugurlar we onuñ türkmen liriki şygryýetindäki aýratynlyklary -2 / dowamy

Türkmen şygryýeti — türkmen ruhy -6: Edebi ugurlar we onuñ türkmen liriki şygryýetindäki aýratynlyklary -2 / dowamy XX asyr türkmen poeziýasynda goşgy düzüliş ulgamy öňküligine – sillabik ulgamlygyna galdy. Onsoň alymyň forma täzeliginiň ýokdugy baradaky pikiri örän dogry hem ýerliklidir. Forma ýöntem düşünilendigi üçin, goşgynyň çeperçilik kämilligi bilen bendiň tehniki kämilligine bir zatdyr öýdüpdirler. Ritmi sazlap bilseň, elhalrak kapyýa tapyp bilseň, tehniki kämil şygry ýasamak kyn zadam däl. Ýöne bu poeziýa bolmaýar, poeziýa sungat hökmünde mundan has çuň hem düýpli düşünje. Ýöne degişli döwürde, hatda iň uly şahyrlar diýilýänlerem tehniki kämilligi-de gazanyp bilmeýän ekenler, onsoň ýene nusgawyy bende geçýän ekenler.
Hawa, täze forma – ritm, dil hem obrazlar ulgamy döräberenokdy. Çünki poeziýa mahsus mazmun ýokdy. Şol döwrüň, asyl ondan soňky 30-40-njy ýyllaryň poeziýasyna ser salyp görüň, onda sowet hökümetiniň syýasy ideologiýasyndan başga zady aňsat görmersiňiz, ýagny, onda edebiýatyň mazmuny bolup biljek zat görmersiňiz. Munuň özi örän düýpli meseledir. Poeziýa sungat hökmünde öz mazmuny boýunça syýasy ideologiýadan, jemgyýetçilik aňynyň gaýry formalaryndan bütinleý tapawutlanýar. Şol sebäpdenem täze poetiki mazmunyň ýok ýerinde täze forma nireden  bolsun?
Şonuň üçinem uruşdan soňky döwre çenli türkmen poeziýasynda sözüň hakyky manysyndaky lirikanyň örňemändigini belläp geçmelidir.
Lirika – obýekti däl-de, subýekti, onuň dünýä gatnaşygyny birinji orunda goýýan edebi kysymdyr. Degişli döwrüň poeziýasyndaky «liriki gahryman» diýilýäni sözüň hakyky manysyndaky liriki gahryman hem däldi. Çünki ol hususy ýaşaýyşdan, hususy ruhy barlykdan mahrum bir şahsyýetem däl-de, umumy şekildi. Sowet ideologiýasynyň talaby şeýledi. Ol hususy ýaşaýşy bilmeýän, diňe syýasy ideologiýanyň talaplary bilen ýaşaýan, pikir-duýgusy-da, bähbitleri-de, gyzyklanmalary-da şol ideologiýanyň çäklerinden çykmaýan sudury talap edýärdi. Onsoň sungat, poeziýa Watan, azatlyk, adam ömri diýilýän gymmatlyklara diňe sowet ideologiýasynyň berýän manysynda düşünýärdi. Onsoň şahyryň durmuş gözlegleri, ruhy güzaplary, duýgusynyň tebigy galkynmagynyň netijesi – öz subýektiw berkliginiň netijesi bolan açyşlary däl-de, özüniň boýnuna atylan taýýar pikirleri, agzyna salnyp berlen zatlary goşga geçirýärdi. Degişli döwrüň goşgularynyň uçdantutma birmeňzeşligi, olarda del pikire – obraza ornuň asla ýokdugy hem şonuň üçindir.
Elbetde, durmuş, herhal, durmuş bolýar. Şol döwürde-de adamlar öz hususy durmuşy bilen ýaşadylar, ýöne galybyň içinde ýaşadylar. Gep bu zatlaryň hiç biriniň poeziýa geçmänliginde, poeziýanyň resmi ideologiýanyň tribunasyndan özge zat bolmanlygyndadyr. Has aýdyňlaşdyryp aýdanyňda, poeziýanyň sungat bolmanlygynda, poeziýanyň poeziýa bolmanlygyndadyr. Mahlasy, sungatyň sungat bolmagy üçin möhüm jemgyýetçilik faktor – erkinlik, azatlyk ýetenokdy. Biz azatlygyň gürrüňini edýäris, oňa, hatda, az-kem ýazylganlygam berlenokdy. Biziň ýadymyza ýazylganlyk düşýär, gürrüň 30-njy ýyllar barada gidýär ahyryn!
Ine, şeýle sebäplere görä, täze formanyň emele gelmegi, täze mazmunyň ýüze çykmagy gaty haýallyk bile gidýärdi, has dogrusy, bökdelýärdi. Täze mazmunly hem formaly sungat, çeperçilik derejesi boýunça nusgawylyk bilen bäsleşip päa «gaýra dur» diýip biljek poeziýanyň deregine, matlaplary, çägi hem derejesi boýunça sowet ideologiýasynyň gury şöhlelenmegi bolan ýarym edebi, ýarym ideologiki bir hadysa bolup geçýärdi.
Ine, täze poeziýanyň çeperçilik taýdan kämilleşip gidibermeýänliginiň, gysgaça aýdanyňda, şular ýaly obýektiw jemgyýetçilik bökdençlikleri bardy. Onuň döremeginiň subýektiw şertleri hem az bolandyr diýip pikir etmek mümkin. Köne türkmen ruhy-da ýitirilipdi. Täzesi bolsa sowet ideýalarynyň «saýasynda» kemala gelýärdi. Özüniň çeperçilik ýagdaýy boýunça elhalrak bolan poeziýanyňam žanr tebigatyna görä liriki däl-de, epiki bolandygy döwrüň subýektiw hem obýektiw ruhy üçin häsiýetli faktdyr. Dogrudanam, şol döwürde epiki goşgular hem poemalar giňden ýaýrapdy. Hususyýetden mahrumçylyk bar ýerinde nädip lirika döresin?! Şol ýyllar Moskwada – biziň gürrüňini edýän wakalarymyzyň hem hadysalarymyzyň, olara dahylly dörediji şahsyýetleriň ykbaly kesgitlenilip oturylan ýerde B. Pastermak, A. Ahmatowa ýaly beýik lirikleri «durmuşdan üzňelikde», «düşnüksizlikde» hem «subýektiwizmde» aýyplaýardylar.
Şeýle taryhy-edebi kontekstde täze hilli poeziýanyň nusgalarynyň döremegi birbada geň bolup görünýär. Geňem bolsa degişli döwürde ajaýyp lirikanyň nusgalary-da döredilipdir.
Şolaryň awtory-da şahyr Rehmet Seýidowdyr.
Hawa, Rehmet Seýidow täze türkmen poeziýasynda edebi ugur derejesindäki hadysa boldy. Munuň sebäbi bolsa onuň öz poeziýasynda täze mazmuny hem formalary, lirikanyň täze nusgalaryny berip bilenligindedir.
Şahyr 1938-nji ýylda «Göterilen göwün» diýen tüýs şahyrana atly ilkinji ýygyndysyny çapdan çykarýar. Şol ýygyndy özüniň tematikasy, obrazlar ulgamy hem çeper dili babatda poeziýanyň köpýyllyk ösüşiniň netijesini alamatlandyrýan şygyrlardan ybaratdy. Tematikasy boýunça olaryň içinde söýgi hem peýzaž lirikasy aýratyn orny eýeleýärdi.
Söýgi temasynda adam şahsyýetiniň aýdyň ýüze çykýanlygy düşnükli. Şahyryň peýzaž lirikasynyň düýp manysy barada-da edil şony aýtmak bolardy: tebigat oňa jemgyýetçilik durmuşy tarapyndan gysylan çeperçilik täri bolup hyzmat edýärdi. Şahyryň peýzaž lirikasynyň bar gymmaty-da, onuň türkmen poeziýasynyň çäginde hadysa bolmagynyň düýp sebäbi-de hut şondandyr. Ol ýöne bir tebigat obrazy bolanlygynda edil beýle düýpli hadysa öwrülmese-de öwrülmezdi, ýok, ol şahyryň özi bolup, şahsyýeti bolan obrazlarda – täze formalarda ýüze çykýardy. Şahyryň ýaşlyk döwründe ýazan «Gije şemaly» diýen şygryny okap göreliň:

Näme alňasaýaň, gije şemaly?
Nämüçin gapymdan samrap geçýärsiň?
Göýä sen enteýji bir däli ýaly
Ýarym ýatan tam aýnasyn açýarsyň.

Akar suw üstünde tallary egip,
Titredýänsiň onuň ýapraklaryny.
Goýmarsyň dynç ýatan çöllere degip,
Tüweleý edýänsiň topraklaryny.

Nähili kämil liriki obraz! Özüniň poetiki derejesi boýunça häzirki döwrüň iň kämil eserleri bilen bäsleşip biljek şygyr. Şemalyň metaforiki obrazy şahyryň çeper pikirleniş ukybynyň gaty ösendigini görkezýär. Şygryň kiçi detallaryndan – troplar derejesindäki obrazlaryndan bitewi bir janly obraz döreýär: ol «samraýar» – bu şemalyň şuwwuldysy, ol «alňasaýar» – bu şemalyň öwüsgini, ol enteýji däli – bu şemalyň meňzetmedäki obrazy, ol kä söz diýýär, kä galmagal edýär – bu şemalyň zaryn owazlary, ol ýapraklary egýär, topraklary tüweleýe öwürýär – bu şemalyň realistik obrazy. Şygryň her bir setiri obrazdan dolup dur, her detal bir obrazy berýär. Şemaldan başga-da akar suw, tal ýaly predmetler şygra üýtgeşik bir şahyrana mazmun, üýtgeşik liriki howalalygy hem näzikligi berýär. Şahyryň öz söýgüsini ýatlamagyna näme diýjek, bu tötänlikdir öýdýäňizmi? Eger düýpli bir kanunalaýyklyk bolsa, onda nämäniň kanunalaýyklygy? Elbetde, ruhuň, subýektiň kanunalaýyklygy! Şahyr tebigatyň, şemalyň üsti bilen öz içki dünýäsiniň hadysalaryny surata salýar. Onsoň nädip ol öz gülüni ýatlamasyn! Şygyrda hut gije şemalynyň janlanýandygyna näme diýjek?! Gije – pynhanlyk ahbetin. Gijeden başga ýene bir ýerde – adam kalbynda pynhanlyk bolýar.
Ýöne şahyra  döwründe öz mynasyp bahasyny bermediler. Gaýtam, gowy ýazýandygy, gowy şahyrdygy üçin ol mydama jebir çekmeli boldy. Onuň söýgi baradaky goşgularynyň içinden sowet «söýgüsiniň» bärden gaýtmalaryny «tapyp», ýepbeklediler. Ol bütin ömrüne tankyt taýagyny iýip ýaşamaly boldy. Oňa her gün diýen ýaly sowuk türmäniň agyr demir gapysyny ýatladyp, rahatlyk bermediler. Partiýanyň Merkezi Komitetiniň plenumynda hem ony buržuaz milletçilikde aýypladylar. Onuň joşup-joşup türkmen topragyny, türkmen halkyny, baý geçmişini wasp edip ýazasy gelýärdi. Ol öz arzuwlaryny gursagynda jaýlamaly boldy.
Onuň bary-ýogy kyrk bäş ýaşda ýogalmagynyň ruhy sebäpleri ýokdur öýdýäňizmi?! «Öz döwri» diýýäris, hatda ondan soňrakky – dugrunlyk zamanynda hem oňa düşünilipdi diýip bolmaz.
Ine, biziň iň belli edebiýatçylarymyzyň biri R. Rejebow şahyryň degişli şygry barada 1968-nji ýylda şeýle ýazýar: «Şahyr öz döwrüni, öz jemgyýetini hem şondan gelip çykýan jemgyýetçilik duýgyny açyp görkezmän, ýalňyz özüniň hususy, dar, geldi-geçer, minutlyk ruhy halatyny we duýgusyny beýan eden mahalynda, ony jemgyýetçilik derejesine çenli umumylaşdyryp bilmedik mahalynda, ol indiwidualizme we egoizme düşýär… Görnüşi ýaly, şahyryň duýgusynyň esasynda haýsy-da bolsa, zamanasyny kesgitleýän we jemgyýetçilik duýgynyň, bähbidiň we idealyň çeşmesi bolup durýan azda-kände bir durmuş materialy durmaýar. Şoňa görä-de şahyryň duýgusynyň şol döwrüň jemgyýetiniň öňünde duran wezipeler bilen hiç hili dahyly ýok».     
Biz tankytçynyň aýdýan tankydynyň nähakdygyny ýekänme-ýekän subut edip bilerdik, sungatyň düýp manysynyň hem jemgyýetçilik funksiýasynyň şu ýerde beýän edilýän pikire sygmaýandygy hakda uzyn pelsepelerem öňe sürüp bilerdik, iň bolmanda, şahyryň ylham azatlygyna beýle äsgermezçilikli çemeleşmegiň nädogrudygy barada pikirem öwrüp bilerdik. Ýöne munuň üçin özbaşyna bir ýazgy gerek. Şol sebäpden tankytçynyň sözleriniň sowet ideologiýasynyň maýyp eden estetiki ölçeglerinden gelip çykýandygyny, eger öz sözlerine onuň özi ynanýan bolsa, onda onuň «poeziýa» diýip ideologiýa düşünýändigini aýtmak blen çäklenýäris.
Ýöne şahyra düşünmezlik R.Rejebowyň tankydy makalasy bilen çäklenmeýär. Indi 1983-nji (!) ýylda şahyryň bir goşgusy babatda ýazylanlary okap göreliň:
«Sowet döwrüniň azat söýgüsi-de Rehmet Seýidowyň uruşdan öňki kämilleşiş döwründäki lirikasyndan esasy temalaryň biri hökmünde düýpli orun tutup başlaýar. Ýöne entek hemmetaraplaýyn kämilleşip bilmedik şahyr ilkinji goşgularynyň käbirinde azat söýginiň çuň manysyny gowy açyp bilmeýär. Ol şeýle goşgularynyň birinde:

… Howlugyp dem alşyň, näzijek gülşüň,
Meni düýşde görüşiňi aňladýar.

Gözel ak düşekde seniň towlanşyň
Agşam görsem hyýalymda daň atýar

– diýip, gyzy taryplaýar-da, goşgyny şeýle gutarýar:

Bizden başga hiç adam ýok bu ýerde,
Oýan-da, söýgülim, maňa posa ber!

… Gömelteý, maksatsyz duýgy kör söýgüdir. Şoňa görä şahyryň liriki eserinde beýan edýän söýgi duýgusy-da söýgä durnuklylyk, ak ýüreklilik, hakyky söýgini belent tutmak, söýgini watana, zähmete, halka bolan söýgi bilen organiki baglanyşdyrmak arkaly has-da belent derejä götermek ýaly asylly ideýalar bilen berk baglylykda beýan edilende, ol jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolup biler»*.
Hawa, tankytçy şahyra her zady söýdürjek, ýöne gyzy söýdürjek däl-dä! Onuň sözlerinde şahsyýeti hususy durmuşdan, hususy ruhdan mahrum etmeli diýen ýowuz sowet ideologiýasynyň ýaňy bar. Jemgyýetçilik bähbit adamyň depesinden abanyp duran zat däl-de, millionlarça adamlaryň bähbidinden kemala gelýän zat. Söýgi hem şonuň ýaly. Şonuň üçinem bu ýerde şahsyýetiň söýgüsini kemsitmek bolmaýar. Ýöne beýle kemsidilme Rehmet Seýidowyň bütin ömrüne aýrylmaz hemrasyna öwrüldi. Ol öz döwründe «buržuaz milletçi» hökmünde aýyplanyldy. Türkmen ülkesini wasp edeni üçin ol, gör, näçe gezek ýanyp-bişmeli bolupdy?! Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň 1951-nji ýylyň 28–29-njy dekabrynda bolan plenumynda «Söýýärin» diýen goşgusy üçin barypýatan «buržuaz milletçi» hökmünde köteklenipdi. Diňe Türkmenistany söýendigi üçin köteklenipdi.
Bu gün şol goşgyny okap, sowetler ulgamynyň nähili aýylganç bolandygyna göz ýetirýärsiň. Oňa göz ýetirmek üçin alym bolmagyň geregi ýok. Ine, şahyryň başyna ahyrzaman gopduran goşgudan bir bent.

Söýýän seni, gözel Türkmenistanym,
Azat ösýän ýelleriňi söýýärin.
Sensiň göz röwşenim, eý! mähribanym,
Giň ýaýlaly çölleriňi söýýärin.

Şahyryň ölümini onuň egindeşleriniň käbiri nähak töhmetden görýärler. Ýurduňy söýseň, kommunistik partiýa «buržuaz milletçi» diýse, ýaryňy söýseň, R. Rejebow, M. Gurbansähedow ýaly edebiýatçylar ony «indiwidualizmde, egoizmde» gönertleseler, eýse, şahyr görgüli nädip çydasyn?!
Şol tankyt edilýän goşgynyň estetiki gözelligine, onda adamyň ruhunyň, içki dünýäsiniň ussatlarça beýan edilişine üns berdiňizmi?! Nähili ajap kartina! – «Agşam görsem hyýalymda daň atýar!». Nähili original metafora! Hatda şygryň 30-njy ýyllarda ýazylanyna-da ynanar ýaly däl! Onsoň onuň jemlemesi şygryň tutuş süňňünden gelip çykýan şahyrana netije bolup görünýär.
Hawa, döwrüň poeziýasynyň fonunda, döwrüň tankydynyň we hatda ýaňky görlen soňky tankydyň fonunda-da Rehmet Seýidowyň lirikasy täze akym bolup durýar. Şol akymyň öz poetiki dili, öz çeper stili bar. Oňa biz şertli suratda «lirizm» akymy diýip at berýäris. Döwürdeş şahyrlaryň içinde hakyky poeziýany ele alanlar ýok diýerliklidir. Şahyryň türkmen poeziýasyna goşandy onuň ilkinji bolup poeziýa janly şahsyýetiň obrazyny getirenligindedir. Şonuň üçinem şol mazmun täzeligi bilen baglanyşyklylykda birnäçe çeperçilik täzelikleri hem poeziýa geldi. Bu barada meşhur edebiýat teoretigi hem tankytçy Öde Abdyllaýew şeýle ýazdy: «Ol döredijiliginiň kämilleşiş döwründen başlap, umumy durmuşy däl-de, konkret bir wakany, konkret bir duýgyny janly formada suratlandyrmaga ýykgyn edýär we bu ugurda barha ösýär.
Onuň kämilleşen döwründe ýazan goşgularynyň köpüsinde näme suratlandyrylýan bolsa, şol zat edil ýanyňda duran ýaly bolup, ähli bolşy, ähli hereketi bilen göz öňünde janlanýar:

Ak, Jeýhun, ak!
Gökden şapak
Suwňa özün taşlapdyr.
Gyzyl şöhle
Suwuň bile
Oýnamaga başlapdyr.

…Bu hili kartinalar öz-özlügindäki zat hökmünde däl-de, gahrymanlar tarapyndan özleşdirilýän, onuň duýgularynyň ýüze çykmagyna we ösmegine sebäp hökmünde suratlandyrylýar. Şu meselä aýratyn üns bermek bilen Rehmet Seýidow lirik we ökde suratkeş şahyr bolup başgalardan tapawutlandy.
Gahrymanyň duýgusyny, onuň ýüze çykmagyna sebäp bolýan ýagdaýyň konkret janly kartinasyny açyk suratlandyrmak bilen baglylykda beýan etmek rus poeziýasynyň täsiri bilen ösüp başlady we ol täze häsiýetli türkmen poeziýasynyň esasy alamatlarynyň birine öwrüldi.
Rehmet Seýidow türkmen poeziýasyny täze mazmun we oňa laýyk gelýän stil we goşgy düzüliş formalary bilen baýlaşdyrmakda uly rol oýnady…».  
Şeýlelikde, şahyryň poeziýasy XX asyr türkmen lirikasynyň döremeginde hem ösmeginde aýgytlaýjy etaplaryň biri boldy. Ol özüniň döredijiligi bilen lirizm akymynyň başyny başlaýjy boldy. Rehmet Seýidow beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň iki asyrlap dowam eden goşgy düzüş, beýan ediş ýolundan çykyp, täze ýola düşmegiň hötdesinden gelip bilen ilkinji türkmen şahyrydyr. Rehmet Seýidowyň bu başlangyjyny şahyr Gara Seýitliýew dowam etdirdi, ösdürdi.
Gurbannazar Ezizow. Poeziýada liriki subýektiň tutýan orny 60-njy ýyllardan başlap hasam giňeldi. Şol onýyllygyň ahyrynda bolsa Gurbannazar Ezizowyň poeziýa gelmegi bilen täze bir etap başlandy. Biz muňa «Gurbannazar Ezizowyň edebi ugry» diýip at berýäris. Ezizowyň edebi ugrunyň döremeginiň öz taryhy-edebi sebäpleri bardy.
XX asyryň 60-njy ýyllarynyň ikinji ýarymynda stalinizmiň ep-esli gowşamagy bilen ýurduň syýasy howasyna maýylganlyk aralaşdy. Totalitar düzgüniň zynjyrlary ep-esli gowşady. Adamyň şahsyýetiniň şol maýyl howadan az-kem erkin dem almagy üçin şertler döredi. Onsoň adam hususyýetiniň beýany bolan subýektiw lirika ýene güýçlenip, gerim alyp ugrady. Poeziýadaky adama bolan garaýyş ideologik gabyklardan bellibir derejede saplanyp ugrady. Şahyrlyk ýene daşky dünýäden – sowet hakykatyndanam beter öz içki dünýälerine, öz subýektiw gynançlaryna hem begençlerine, hasratlaryna hem umytlaryna gümra boldular. Adamyň içki dünýäsiniň çylşyrymlylygy hem gözelligi, garaňkylygy hem syrlylygy psihologiki çuňňurlygy edebiýata getirdi. Adam özüni totalitar döwlet mehanizminiň bir nurbatjygy, kommunizmiň ideologiki matlaplardan hem gyzyklanmalardan başga zat bilmeýän işçi roboty hökmünde däl-de, başy ölümli, iki dünýä barada-da pikir edip bilýän, Älemiň syrlarynyň üstünde baş agyrtmagy, kosmiki alyslyklara çümmegi başarýan, Watany ideologiki düşünje däl-de, öz köki, döräp hem siňip gitmeli topragy hökmünde duýmagy başarýan şahsyýet diýip aňlady. Synp görnüşindäki umumylygyň galp hem howaýy optimizmine derek indiwidual ömrüň fiziologik hem ruhy lezzeti, indiwidual ölümiň tükeniksiz hasraty poeziýa düýpli girdi. Poeziýa Ýere ýakynlady, bu bolsa ony pöwhe dabaralylykdan halas etdi.
Poeziýanyň dili gönümel ýa çuňňur kökleri bolmadyk söz donuna bürenen agitasiýanyň däl-de, gönüden-göni duýgularyň hem indiwidual pelsepeleriň dili bolup kemala geldi. Indiwidual köňüle ýol açylmagy indiwidual, original keşpler ulgamynyň şygryýete gelmegine sebäp boldy. Baryp asyrymyzyň üçünji onýyllygynda R. Seýidowyň başlan mazmun hem görnüş täzeliklerini G. Ezizow täze belentlige göterdi. Şeýdip hem liriki poeziýamyzyň sözüň hakyky manysyndaky çeperçilik, kämillik döwri başlandy. Poeziýa ruhuň pişesi bolmagyny bes edip, ruhuň ýaşaýşyna öwrüldi. Bu bolsa ony görlüp-eşidilmedik intellektual hem estetiki belentlige göterdi. Poeziýa senetden sungata öwrüldi.
Sanalyp geçilen özgerişlikleriň ählisi bolmasa-da, aglabasy Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi bilen baglanyşyklydy. G. Ezizowyň poeziýamyzy ýokary götermek babatda eden hyzmatlarynyň esasylarynyň biri – onuň Ýewropa hem rus poeziýasynyň çeperçilik gazananlaryny türkmen poeziýasyna siňdirenliginden ybaratdy. Ondan öň türkmen şahyrlary diňe sowet poeziýasynyň intellektual gözleglerinden hem estetiki kriteriýlerinden habarlydy. Dogry, Puşkin, Lermontow ýaly beýik şahyrlaryň eserleri hatda türkmen diline terjime-de edilipdi, emma häzir şol terjimeleri okap, olaryň originaly hakda oýlanyp görüň: olaryň şol döwrüň türkmen poeziýasynyň derejesine çenli peseldilendigini görersiňiz. Ezizow bolsa Ýewropa şahyrlaryny terjime etmezden, özüne siňdirdi, onsoň stil, obraz, forma, hatda dünýäni duýuş babatda türkmen şygyr sungatyna ümmülmez täzelikler geldi. Oňat ýeri, bu işde Gurbannazar Ezizow Rehmet Seýidow ýaly ýeke däldi, onuň täzeçilligini baryp şol döwürde – onuň döredijiligi kämilleşip ugran döwründe köp şahyrlar alyp göteripdiler. Şeýdibem, türkmen poeziýasynyň süňňi, türkmen şygyr sungatynyň tebigaty büs-bütinleý özgeripdi.
Nobatguly Rejebow Gurbannazar Ezizowyň mekdebinden çykan, öz döredijilik gözýetimi hem şahyrlyk derejesi boýunça özboluşly edebi şahsyýet, öz obrazlar ulgamy babatda özboluşly ýoly, ugry döreden şahyr.
Nobatguly ilkinji kitabynda – «Topragyň tagamy» ýygyndysynda özüniň ezizowçylyk mekdebine degişli şahyrdygyny aýan etdi. Soňra onuň «Durnalaryň düşelgesi» ýygyndysy-da ezizowçylyk äheňleri ýatladýan käbir şygyrlary özünde ýerleşdirdi. Ýöne şahyr turuwbaşdan özüni original dörediji hökmünde tanatdy. Özüniň şu wagta çenli ýazan kitaplary bilen bolsa ol özüniň G. Ezizowyňkydan juda tapawutlanýan şahyrana ugry esaslandyrandygyny okyjylara hem edebiýat jemgyýetçiligine subut etdi.
Şahyr Nobatguly Rejebowyň poeziýasy XX asyr türkmen poeziýasynyň ösen iň belent derejeleriniň birini aňladýar. «Pikirleniş, akyl ýetiriş babatynda Nobatguly Rejebowyň poeziýasy Ýewropa edebiýatynyň, dünýä edebiýatynyň iň kämil nusgalarynyň arasynda özboluşlylygy bilen tapawutlanýar, özem şunda-da milli şahyr bolmagynda galýar. Ynha, bu eýýäm Nobatgulynyň diňe bir öz üstünligi däldir, eýsem bu biziň türkmen poeziýamyzyň derejesidir». Şahyryň döredijilik indiwiduallygyny, ýol-ýodasyny alamatlandyrýan motiw-temalary, obrazlary, obrazlaryň birgiden ulgamlary ýörite  ylmy derňewe mätäçdir.

Osman ÖDE Edebiýaty öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle