Türkmen dilinde goşgy ýazan rus gyzynyň goşgulary
Türkmen dilinde goşgy ýazan rus gyzynyň goşgulary

Rus gyzy Tanýa türkmen dilinde goşgy ýazýar. Onda-da, gör, nähili şirin goşgular…
Men Tanýanyň goşgularyny okap, şol gyzy görmegiň arzuwyndadym. Ol ýaş ýazyjylaryň respublikan seminaryna geldi. Haýran galmaly zat, ony egni keteni köýnekli gördüm. Türkmen gyzlarynyň ýygralygy, asyllylygy, mähirliligi, umuman aýdanymyzda, gyz maşgalany gözel görkezýän täsin häsiýetleriň hemmesi Tanýada bar eken. Tanýanyň hossarlary Sibir tarapda önüp-ösen Anna bilen Wladimir Wasilýewleriň maşgalasy häzir Murgap önümçilik uprawleniýesiniň Lenin adyndaky kolhozynda ýaşaýar, päk zähmet çekýär.
Murgap derýasynyň kenarynda önüp-ösen Tanýa bäş ýaşyndan bäri goşgy ýazýar eken. Ol mekdepde okap ýörkä, dil-edebiýat mugallymy Suhan Allaberdiýew ony türkmen edebiýaty bilen ýakyndan tanyşdyrypdyr.
Tanýanyň özboluşly, joşgunly, şahyrana ýürekden gaýnap çykýan çuň pikir we duýgy bilen ýugrulan goşgulary bar. Döşi komsomol nyşanly gyz Tanýa ýaňy on alty ýaşa ýetdi. Ol Marydaky 2-nji pedagogik uçilişede okaýan ýaşlaryň içinde zehinlileriň biri.
Tanýa “Çykdym gözlege” atly goşgusynda:
Ýok, özgäni däl
Tapjak özümi
diýýär. Men Tanýanyň şu sözlerine ynanýaryn. Tanýa köp-köp işlese, okasa, edebiýat meýdanynda özüni tapar.
Ýoluň ak bolsun, Tanýuşa jan!
Akjemal OMAROWA.
• ÇEKÝÄRIN KEŞDE
Elimde iňňe,
Iňňämde sapak.
Sapagmyň bary
Saýlama ýüpek.
Daň golaý,
ses-üýn
Ýok içde-daşda,
Diňe men ýatman
Çekýärin keşde.
Keşdämiň içi
Harp bilen doly.
Harplaň gizlenşi
Tüýs söýgim ýaly.
• HAÇAN ÝATÝARKA?
Jigim jan bir enaýy,
Oňat görýäs hemmämiz.
Jigim bilen gürleşsek
Ýok birjigem dymmamyz.
Gülýäs görüp jigimiň
Bizi tapjak bolýanny.
Bilýä eýýäm jigim jan
Nireden ses gelýänni.
Ýöne jigim betje-dä
Käte örän giç ýatýar.
Oýun gerek bezzada,
Biziň ukymyz tutýar.
Eger uzak otursak,
Başlaýarys yranyp.
Ýatyberýäs onsoň biz
Ýorganmyzy bürenip.
Ejem welin ýorgana
Girer ýerde girenok.
Towusganja jigimi
Towusdyryp irenok.
Käte gijäň bir wagty
Oýanýaryn suw diläp.
Otyr ejem şonda-da
Jigim jany hüwdiläp.
Irden oýarýar ejem
Çaýymyzy gaýnadýar.
Otyr özem şonda-da,
Jigim jany oýnadýar.
Nahar taýyn, çaý taýyn,
Lowurdap ýanýar pejem.
Göremzok-la uklanny,
Haçan ýatýarka ejem?!
• DÜNÝÄ IKI GELMEN
Adamlar, men dünýä oňat düşünýän,
Bilýän dünýä gelmejegmi ýene bir.
Bir minudam geçirmerin bihuda
Çünki bir gezeklik berilýär ömür.
Höwesim bar, geçjek ýar köçesinden,
Seslendirip gülýakamyň şelpesin.
Gezjek bagymyzda aşygym bile,
Diňlejek bileje bilbiliň sesin.
Galmaryn toýdan hem, diňlärin saz hem,
Ýygyrman egnimi, diýdirmen tosun.
Saklaman gülkimi! Wagtyndan ozal
Meniň maňlaýymda görünmez gasyn.
Jan çyksa, dolanmaz. Men hem dirikäm
Ýaşajak ýaşasym gelişi ýaly.
Göreşjek men! Öljek däl men armanly,
Zöhräniň armanly ölüşi ýaly.
Bilýän dünýä gelmejegmi ýene bir,
Bir gelemde özüm görkezip geçjek.
Çeşmesi der bolan bagt derýasyna
Menem goşup bilen goşandym goşjak.
Besdir zaýalanyň enemiň ömrün,
Awy gatjak bolma meň hem aşyma.
Düşmerin toruňa – el bermen saňa,
Adat, torjagazňy gurma daşyma!
• PIKIRLENDIM
Pikirlendim ugramankam:
Indi dolanmaryn yza.
Arman açjak,
Irmän açjak
Adalary täze-täze.
Pikirlendim ugramankam:
Hergiz dolanmaryn yza.
Sözdür sözüm,
Kände gözüm,
Kaýyl bolup bilmen aza.
Pikirlendim ugramankam:
Asyl dolanmaryn yza.
Dürli ýollaň, syrly ýollaň
Açyk bary azat gyza.
Tanýa WASILÝEWA.
“Edebiýat we sungat” gazeti, 17.05.1964 ý. Goşgular