|

Iki arakhor

Iki arakhor IKI ARAKHOR

Şäher…
Hümer…
Dar trotuar…
Döwrana duş geldi Eldar.
Ikisem hor,
Ikisem har,
Ikisem süpük arakhor…
— Essalawmaleýkim, Döwran!
— O-how! Neneñ hal, güzeran?!
— Hal harap, dost, sazlaşyk ýok!
— O nähili, düşünemok?
— Arak bolsa, höregim ýok,
Hörek bolsa, aragym ýok…
— Aý onda, dost, men bagtyýar,
Maña baky sazlaşyk ýar:
Tünegimde ne-hä çörek,
Ne-de dostum, arak…
Bar!

• HEMME BILÝÄNDIR

— Doktor, şübhe bar mende,
Berhizläp nan-höregin,
Bejerdiñiz böwregin,
Emma welin o bende
Öldi tutup ýüregin?!
Indi hiç-le teselli…
— Ýok, ýok, agam, ynanmañ,
Meñ bejerýän kesellim,
Şo dertden hem ölýändir!..
Ony hemme bilýändir!

• ÝOL ÜSTÜNDE

— Nämüçin sen meni mydam
Tankytlap ýörsüñ, Atam?
— Gulluk edýäñ «iki tañra»,
Onsoñam özüñ ýañra!..
— Ýalan! O nähili «iki tañra?»
Şo bir işim, bir edara,
Ynanmasañ, bar-da sora…
Aýt indi, goýma añra!
— Biri — Haýra!
Birem — Şere!..
Birinjä ujypsyzja,
Soñka-da ýop-ýoñsuzja!..

• OTUZ IKI DIŞ

— Okuwmy gutarsam, kaka şeýdäýjek,
Ýürek doktorlyga okuwa gidäýjek,
— Ýok, onyñ hatar iş,
Diş doktor bolaý!
Adamda bir ýürek, otuz ikem diş!
Bolýandyr, jan ogul, şony sen biläý!

* * *

Kimkä şunça ejir çeken,
Bu saz eserler üçin?!.
Aperin! Tüýs eser eken,
Gulagy kerler üçin!
Men-ä, inim, telpek goýdum,
Arman, gulagymam ýoýdum!

Anna MUHADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle