Bolgariýa
Bolgariýa
Agam Şyhynyñ ýagty ýadygärligine
Eý, gözel Bolgariýa! Eý, täsin mekan,
Heniz etmesem-de men saña sapar,
Agtyklarym señ mähriban keşbiñi
Ýürek depderimiñ gatyndan tapar.
Eý, jennet saýylýan ajaýyp ülke,
Maña aýry-başga eziz sen hasam.
Hasar bilen deñäp söýüp ýördügim,
Şipka daglarynyñ waspyny ýaýsam.
Pyragyny okaýşym deý okaýan,
Wazowyñ hem her setirin, her bendin.
Maña-da ýakyndy Georgiý atly —
Seni dünýä ýaýan beýik perzendiñ.
Şeýle bir tolgunyp, tolgunyp gidýän,
Hatda kartada-da men seni görsem.
Adamzadyñ beýik bagty ugrunda,
Jan beren agama jaý beren ýer sen.
1985.
Anna GURTGELDIÝEW. Goşgular