Seslen, Ukraina!
Seslen, Ukraina!
(Agam Gylyçdurdynyñ ýadygärligine bagyşlaýaryn).
Gumundan güýç alyp giñ Garagumuñ,
Geldim saña hyýal ýumagym çözläp.
Uruşda dereksiz ýiten agamyñ
Ynha gezip ýörün mazaryn gözläp.
Onuñ didaryny gören bolsañyz,
Sesleniñ, derýalar, sesleniñ, daglar!
Seslen, köpi gören, eý, goja deñiz,
Sesleniñ, tokaýlar, sesleniñ daglar!
Ýa duşman okundan señselän çagy,
Gapyl galyp, düşdümikä duzaga?!
Goýup ýüregine aýralyk dagy,
Sürdülermi Watanymdan uzaga?!
Ýa söweşde güýç-kuwwatdan aýrylyp,
Wepat boldumy ol dara-direde?!
Gör, neneñ ýamandyr diri aýralyk,
Seslen, Ukraina, agam nirede?!
Nirede bolsa-da, eltiñ siz meni,
Mazaryny güller bilen örteýin.
Agamyñ ganynyñ daman gumuny
Görkeziñ siz, ýüz-gözüme sürteýin
Ýadymda, çagakam başym sypany
Soñ bilemok hiç zat men ol barada.
Ukrain topragy, eý, gözel ülke,
Seslensene, eziz agam nirede?
Muhammetmyrat KÖMEKOW,
matros.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 16.01.1963 ý. Goşgular