|

Merhum gyzjagaz

Merhum gyzjagaz MERHUM GYZJAGAZ

Açyñ gapyñyzy, men kakýan ýene,
Kakýan bir diwary…
Sen beýle zaryn
Seretme,
barybir ilmen gözüñe —
Merhumlary görüp bolmaz ahyryn.

Hirosimada wepat bolalym bärem
Ýyllar geçdi.
Geçer, hiç saklap bolmaz.
Men ýaşym ýedidi,
Ýedimde hälem.
Merhum çagañ ýaşy ösmez, ulalmaz.

Ilki saçlarymy ýakdym men oda,
Gözüm hanasyndan çykdy-sogruldy.
Bir gysym kül bolup galdym bir bada,
Soñra şemal turdy, menem sowruldym.

Haýyş edýän,
Özüm üçin däl, ynan,
Maña nanam, tüwem gerek bolanok.
Otda ýaprak ýaly ýanan ýaş ynsan,
Iñ bärkisi, gandam iýip bilenok.

Haýyş edýän,
Golum çeksin, elbetde,
Hem ähli adamzat aýaga galsyn.
Çagalar hiç mahal ýanmasyn otda,
Olar islän wagty gant iýip bilsin.

Nazym HIKMET,
türk şahyry.

Terjime eden: Italmaz NURYÝEW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 18.11.1970 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle