«Çagam diýdi eljagazyn uzadyp…»
"Çagam diýdi eljagazyn uzadyp…"
Çagam diýdi eljagazyn uzadyp:
— Asman ýyldyzyndan üzüp bersene.
Diýdi ýene bir täsinje söz edip:
— Boýunjygma düzüp-düzüp bersene.
Diýdim men: — Ýyldyzlar sadaba meñzeş,
Ol bolsa Baltika şöhle saçyp dur,
Neneñsi üzeýin asman sadabyn,
Ol şäherden ol şähere göçüp ýör.
Lowurdañ ýyldyzlar, patrañ ýyldyzlar,
Size bakyp, arzuwlara bataýyn.
Bardy-geldi bu jahandan gitsem-de
Dynçlyk diýip, güneş diýip öteýin.
Sen bolsañ, çagajyk, göwün ýüwürdip.
Yzymyzdan assa basyp geliber.
Aglamagyñ islemerin, bilip goý,
Şadyýana jykyr-jykyr gülüber!
Dumly-duşda doganlarña guwan sen
Bes etmesin ganatlaryn uçmasyn!
Göreşeliñ: goý ýaraglar göçmesin,
Hemem asman ýyldyzlary öçmesin!
Mariýa MASIÝAUSKENE,
Litwa.
Rusçadan terjime eden: Saparmyrat ÖWEZBERDIÝЕW. Goşgular