|

Erkek diýip bolarmy?

Erkek diýip bolarmy? ERKEK DIÝIP BOLARMY?

Hiç maksatsyz gülýäne,
Mydam şeýdip bilýäne, —
Erkek diýip bolarmy?

Çyn aşyk bolmadyga,
Bir posa almadyga, —
Erkek diýip bolarmy?

Hemmä «gülüm» diýýäne,
Günde birin söýýäne, —
Erkek diýip bolarmy?

Üstünde jan gerene,
Soñra satsa görene, —
Erkek diýip bolarmy?

Saçak başyna geçip,
Bilmese biraz içip, —
Erkek diýip bolarmy?

Märekäñ köp ýerinde,
Içmek bolsa serinde, —
Erkek diýip bolarmy?

Uzak ömri ýolda bolsa,
Öz didaryn gözden salsa, —
Erkek diýip bolarmy?

Kim gahardan dolup-daşyp,
Ile degse hetden aşyp, —
Erkek diýip bolarmy?

Ýürekden söz berene,
Sözün gaýdyp alana, —
Erkek diýip bolarmy?

Resul GAMZATOW.

Rusçadan terjime eden: Baýramjan GURBANMUHAMMEDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle