Uruş ýyllarynyñ poçtalýony
Uruş ýyllarynyñ poçtalýony
Söweş meýdanyndan gelýän şol hatlar,
Sowukdy, sowukdy buzdan bäş beter.
Eliñe alañda şagga der basýar,
Yssydy, yssydy közden bäş beter.
Dagyñ bölegini göterýän deýin,
Ýegşerilýäñ, ýer ýarylsa girmeli.
Dözüp bormy aglatmaga Enäni,
Ýeri, onsoñ haty nädip bermeli?
Soragly seredýän müýnsiz gözleriñ
Gowy habarlara umydy bardy.
Adam bolup adam öñünde durmak,
Şol pursat bar zatdan juda agyrdy.
Taşlajak bu käri,
Arman, alaç ýok.
Işlemeli dünýä abat bor ýaly.
Faşistlere nälet okasalar hem,
Gözýaşlara özüm sebäpkär ýaly.
Rejep ARAZDURDYÝEW. Goşgular