Gijeki goşgy
Gijeki goşgy
Uz ýörap, gelýardi asylly,
Görip, barja erkim basyldy.
Görkinden aý nury saçyldy,
Gözlem barşyna garap gitdi.
Göreçlerem göreje çümdi,
Aý diýsem-ä aý-dy, hem gül-di.
Her aýdany bolupjyk hüwdi,
Bu kalbyma-da ýarap gitdi.
Gülden görk, aýdanam nur atyp,
Haýrana galdym, aklym ýitip,
Sözlerim ýüregine ýetip,
Doňdurma deýin eräp gitdi.
Elime aldym-da ter çemen,
Ýar yzyndan ylgadym menem,
«Men-ä söýdüm, söýermiň senem»,
Dymdyda, başyn yrap gitdi.
Gygyrdym, deme ýetmän demin,
Nä dymýaň,
Aýtgyn bolsa kemim!
«-Bir görene söýýän diýermiň?!
Oýlangyn diýip, ýöräp gitdi.
Diýdim. Kararym berdim eýýäm,
Ýandyrsaň ýanjak, köýdür, köýýän!
«-Men-ä entek diýmerin söýýän»,
Barja umytlam üwäp gitdi.
Nätjek, meňem aljagym anyk,
Maňa ýar bol!
Uzatdym ýüzük,
Birdenem gygyryp budilnik,
Ähli arzuwlar küräp gitdi,
Şeýdibem goşgy döräp gitdi.
Ylham GURBANALYÝEW.
2020. Goşgular