Krokodil awçysy
Krokodil awçysy
Dogduk şäheri Trabzonda iş gözläp ýören Temel bir gün şäheriñ Zähmet biržasyna barypdyr.
Biržanyñ işgäri ony üns bilen boýdan başa synlap, şeýle diýipdir:
— Señ özüñ haýsy işe ilgezik, şepe?
Temel oña:
— Men krokodil awçysy! — diýip jogap beripdir.
Biržanyñ işgäriniñ gahary gelipdir:
— O nä jypdyrýañ, Trabzonda krokodil näme işlesin?
Temel jogabyny beripdir:
— Menem şonuñ üçin işsiz-dä!
