Biz bilen… / ýumoreska
Biz bilen… / ýumoreska
Geýim-gejimleri arassalaýjy bölümiñ kabulhanasy. Işikden bir zenan girýär.
— Meñ žempirime mürepbe damaýdy-da…
— Oñ ýaly zady kabul edemzok.
— Be, kim alýaka?
— Ony hiç kimem almaz.
— Be, men indi täp-täzeje žempirimi zyñaýmaly bormukam?
— Ol siziñ öz işiñiz.
— Onda siziñ işiñiz näme?
— Ynha, bu welin siziñ işiñiz däl. Siziñ başga-da tabşyrjak zatlaññyz barmy?
— Oglumyñ jalbarynam getirdim. Garagol syýa dökäýipdir.
— Biz syýany arassalamzok.
— Onda siz nämäni arassalaýañyz?
— Tutuş kir-kimir geýim-gejimleri.
— Meñki näme kir-kimir dälmi?
— Siziñkiler tegmilli zatlar ahyry.
— Tegmil näme kir-kimire girenokmy?
— Girýä… Ýöne biziñ diýýänimiz däl.
— Size onda nähilisi gerek? Men indi žempirimi tutuş mürepbä batyryp çykaraýynmy?
— Batyryberiñ. Ýöne mürepbe seven zady kabul edemzok.
Zenan getiren zatlaryny ýygnaýar-da, çykyp gidýär. Biraz wagt geçenden soñ ol eli kagyzly dolanyp gelýär. Şol kagyzam gapynyñ ýüzüne berkidýär.
— Siz näme edýäñiz?
— Bildiriş goýýan. Men bärik «Geýim-gejimleri arassalaýan bölüm diñe arassa zatlary kabul edýär» diýip ýazdym.
— Ine, muny oñarypsyñyz. Dogrudanam, arassa zatlary getirsinler. Onsoñ hapalamasy biz bilen!
Anna SOHRINA. Satiriki hekaýalar