|

Iki reňk

Iki reňk IKI REÑK

Ak zatlarda ýagşylygyň yzy bar,
Şony mydam ýagşa ýorýar — bu göwün.
Gara bolsa ýamanlygyň ysy bar,
Iki reňkiň arasynda — bu ömür.

Ak säherde örýäň, göwnüň şadyýan,
Ak säherleň saýasynda — bu döwür.
Gara gijä ýetýäň, göwnüň ýadaýar,
Iki reňkiň arasynda — bu ömür.

Ýöne käte ynsanýetem ýalňyşýar,
Agyň içindäki garany görmän…
Garanyň içiniň agyny dörmän…
Gözde däl-de, pikirlerde ýalňyş bar
Ak bolmaga dyrjaş, bolmagyn kemter!
Garany gözleme, adamlar sürter!
Gowluk artdyr, şeri kemelt, hemem ýon!
Iki dünýäň üçin diňlegin böwür…
Gerekçilik ýok, bolma sen hameleon!
Iki reňkiň arasynda — bu ömür…

Ylham GURBANALYÝEW.

19. 02. 22 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle