|

Eý gapyl gardaş…

Eý gapyl gardaş… EÝ GAPYL GARDAŞ..

Eý gapyl gardaş, ten içre dertli janyñ bar heniz,
Intizar söz -u ýūzūñge gulak jamym bar heniz.

Yragy ýakyn edendir, dost dilegi joş bolsa,
«Är ryza- Huda ryza ,, göwūn senden hoş bolsa
Şerti toba-köñūl içre gözleriñde ýaş bolsa
Her demde mūñ toba diýsem ýaradana,az heniz.

Manzary älem içre dost binasy mizemez,
Köñūlden » dost ,, söýen tenler toprak içre çūýremez,
Tekebbirlik misli gyşdyr,ýagan gary eremez,
Gūýz paýhasym- tomus miwäm, ajap ýazym bar heniz.

Ýykylmadyk göwūn bolmaz, Ýaradan daşlaşmasyn,
Çözūlmedik dūwūn galmaz ūzmesinler rişdesin,
Sabyr takat bilen tutgul, barça mūşgūl näştesin,
Toba gapysy açykdyr, Gel,ýapylman dur heniz.

Mūñ ýyla tetärik işiñ bir kazañy ödemez,
Mūñ ýylky, goýun malyñ bitirmez ,,waý — dadymyz,
Umyt bilen gorky içre tutaşar yşk odumyz,
Ajal oky atyljakdan, çekilipjik dur heniz.

Aşyr Salyh ogly Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle