Oýlan biraz!
Oýlan biraz!
«Ykbal bizi hiç sebäpsiz duşurdy»
(Ýöne ýere diýmegiňem ähtimal).
Emma seniň bu aýdýanja sözlerňe
Men birjigem ynanmaryn mähriban.
Men-ä ilki ekin ekeli diýýän,
Senem bolmaz diýýäň,
(entek ekmänem)
Hemem, bizi ýöne duşurar ýaly,
Barypýatan işsizmikä ykbalam?!
Seniň edýän küýlerňi bilmen, emma,
Gördüm seni öz bagtyma müwessa.
Seniň sada, çaga kimin kalbyňy
Çalyşmaryn özgelerden müň essä.
Palçy däldigimi bilsem-de hergiz
Bagtly boljagymyzy görýärin men…
Her geçen günümden joş alýar ýürek,
Möwç alýan.
Has-da beter söýýärin men…
Ylham GURBANALYÝEW. Goşgular