Goşgular | Kitapcy | Sözler | Türkmen dili
Doganlyk gonamçylygynda
Doganlyk gonamçylygynda
Munda ýegşerilýäñ agyr labyrdan,
Merhumlañ hatary gidýär birleşip.
Gyzyl ýaprak berýozalar güýzlerde,
Ýanyp durlar ýeller bilen gürleşip.
Gara mermer gök asmanyñ sütüni,
Agyr oýlar basýar ümsümlik öýün.
Guburlañ üstüne oklanan güller,
Aldy ene ýeriñ ýarasy deýin.
Bir zatlar bogaza dykylýar, bilýän,
Sözler hem seneler, ynha, eginde.
Içiñi gepledýäñ:
«Agramyñ näçe,
Baky uka gidenleriñ öñünde».
Anatoliý GRAÇEW.
Türkmen diline geçiren: Baýram JÜTDIÝEW. Goşgular