Kyn ýol
Kyn ýol
Doglup-döräp Adamzat,
Geçýär ömür menzilin.
Täzelik däl bu zatlar
Ýyllar hem asyr üçin.
Akyl kesişine bap
Görjek eşret-hezilin.
Atlanan kyn ýoluñda
Biljekmi menzil geçip?!
Bolubilseñ bir öýüñ
Söýesi hem çyragy.
Uzak gidip kerwenin
Hedersiz howp-hatardan.
Goş ýazdyryp geçendir
Bu ýollardan Pyragy.
Goýup öçmez yzyny
Çekip döwrüniñ derdin.
Deñiz görmän, gomlara
Döşüñ germek ne hajat?! —
Ol apat
Däl ahyry
Akar ýabyñ tolkuny.
Agramyny saldarlap.
Hažžyk ýaly çişirmek
Nämä gerek alkymyñ?!
Daglara haýbat atmak
Gedemlikden nyşana.
Päli pesleñ derdine
Ýanar keremli daglar.
Kyn ýol
Däl seniñ üçin
Keýphana ýa aşhana —
Munda ýatyr göreşler
Dözülmeli pidalar.
Paýymyza düşüpdir
Bu kyn ýollañ öwrümi.
Ýaşamaly döz gelip
Kynçylygyñ oýnuna
Goşup bilýärmiñ sesiñ
Aýdymyna döwrümiñ?! —
Çözgüdi kyn müñ sowal
Adam, seniñ boýnuñda.
Näzik ANNATYÝEWA. Goşgular