|

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem…

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem… AGLAÝAN ÇAGANYÑ SESIN EŞITSEM…

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, —
Eýýäm bitin däl-de, döwükdirin men.
Oka dogry barýan, owlagny gorap,
Gözleri aýyply keýikdirin men.

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, —
Çekijiñ gaçyran syrçasydyryn.
Özi süýşüp baryp lukmasy bolýan, —
Ýylanyñ «okaýan» serçesidirin…

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, —
Tä diñýänçä ähli zatlar artykmaç.
Diñmese — taýynlañ köz bilen duzy, —
Dilnen ýüregimden bişiriñ kakmaç…

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, —
Gaçgak bolan çagym gitmerin uzak:
Meni tutmak kyn däl, çaga aglasa, —
Bu hudaýtarapyn gurulan duzak…

Gurbanýaz DAŞGYNOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle